Ï 2022-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Magtymguly etrabynyň ähli ilatyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2022-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Magtymguly etrabynyň ähli ilatyna

view-icon 2663

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu günki şatlykly waka — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Garaşsyz döwletimizde iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligine 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her bir güni şanly wakalara beslenýän ýurdumyzda geçen ýylda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan önümçilik, durmuş maksatly iri kärhanalaryň, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplaryň, şäherdir obalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýurdumyzyň ähli welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri mynasyp goşant goşýar. Bereketli toprakdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda bolşy ýaly, biz Magtymguly etrabyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurýarys. Magtymguly etrabynda 50 orunlyk bäbekhanaly köpugurly hassahananyň we 30 orunlyk saglyk öýüniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, etrabyň ilatynyň elektrik togy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de obalara awtomobil ýollaryny çekmek boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly adamlar!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýän günlerde ussadyň dogduk mekanynyň şeýle abraýly derejä eýe bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Magtymgulynyň adyny göterýän etrapda bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyryldy. Döwrebap medeni binalary, şol sanda nusgawy şahyryň hormatyna gurlan muzeýi, ajaýyp syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanalýan Magtymguly etraby bu şanly sene mynasybetli guraljak halkara çäreleriň merkezi bolar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Magtymguly etraby welaýatda obasenagat önümçiligini alyp barmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Etrabyň zähmetkeşleriniň döwlete bugdaý we pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmekleri, oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýylsaýyn artdyrmaklary has-da guwandyrýar. Etrapda Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan Tikin we aýakgap fabrikler toplumy welaýatyň ilatyny senagat önümleri we iş orunlary bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Etrapda dürli azyk önümleri öndürilýän ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk hojalyklarynyň bolmagy ilaty azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Magtymguly etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, geljek ýyllarda-da ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylda hem etrabyň ilatynyň täze, has ýokary üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.