Ï Ýurdumyzyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary synp okuwçylary üçin olimpiadalary geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary synp okuwçylary üçin olimpiadalary geçirer

view-icon 17501
Ýurdumyzyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary synp okuwçylary üçin olimpiadalary geçirer

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylaryny Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça onlaýn olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar.

Ýokary synp okuwçylary üçin ders olimpiadalary «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!» şygary astynda Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçiriler. Akyl-paýhas bäsleşikleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky Rezolýusyýasy esasynda döredilen we her ýylyň 24-nji ýanwarynda bellenilýän Halkara bilimler gününe bagyşlanýar.

Bäsleşik meýdançasynda bilimlerini görkezmek isleýänler şu ýylyň 20-nji martyna çenli tdimhgi2023@gmail.com elektron salgysyna şahsy maglumatlaryny ibermeli. Olara gatnaşjaklar 3-nji aprele çenli hasaba alnar, mekdep okuwçylaryna çakylyk bäsleşikleriň senesi we wagty görkezilip, olaryň elektron salgysyna iberiler. Olimpiadalaryň her biri iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen uly synp okuwçylaryna ikinji tapgyra gatnaşmak we uzak aralykdan synaga gatnaşmak üçin olaryň elektron salgylaryna ýörite login/parol iberiler.

Olimpiadalar aprel aýynda paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, beýleki welaýatlaryň okuwçylary üçin – ýerlerdäki ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň ýerlerdäki şahamçalarynda geçiriler. Olimpiadalaryň geçiriljek senesi we ýeri görkezilen anyk tertibi bäsleşigi guraýan ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir. Goşmaça maglumatlary (+99312) 22-33-50 telefon boýunça alyp bolar.

Olimpiadalaryň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere degişli derejedäki diplomlar gowşurylar. Olarda tapawutlananlara bäsleşiklerde höweslendiriji orunlar berler. Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça bilimi saýrylara Diplomatiýa ýokary mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýraklary gowşurylyş dabarasy şu ýylyň 8-nji maýynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek ýokary okuw mekdebinde okamak isleýän ähli uçurymlar üçin aýratyn gün – «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Olimpiadalar Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyny we Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre gönükdirmek boýunça işleri dowam etdirmek maksady bilen guralýar.

Akyl-paýhas gözden geçirişleri sanly tehnologiýalar ulgamynda, mekdep okuw meýilnamalarynda dersler boýunça bilimleriň we başarnyklaryň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olara baha bermäge, giňişleýin pikirlenip bilýän hem-de öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply, innowasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp bilýän, köptaraplaýyn bilimli, zehinli, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.