Ï Dialog – parahatçylygyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dialog – parahatçylygyň kepili

view-icon 5628
Dialog – parahatçylygyň kepili

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleri güni mynasybetli talyplaryň arasynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly akyl-paýhas bäsleşigi (breýn-ring) geçirildi.

Akyl-paýhas oýnuna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem ýaryşy guraýan ýokary okuw mekdebiniň – ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, BMG-niň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri eminler toparynyň agzalary hökmünde çykyş etdiler.

Syýasat we diplomatiýa boýunça ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşikleriň we çekişmeleriň netijelerine görä, eminler toparynyň karary bilen birinji orun ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň toparyna berildi. Ikinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular, üçünji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary eýeledi. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýjemal Açylowa «Iň güýçli spiker» diýlip yglan edildi.

Baýrakly orunlary eýelänlere we bäsleşige beýleki gatnaşanlara degişli derejedäki diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurydy.

Bäsleşigi guramaçylaryň belleýşi ýaly, talyp ýaşlaryň arasynda şeýle çäreleriň geçirmegi döwletimiziň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatçylykly ynsanperwerlik syýasatynyň wagyz edilmegine, agzybirlik we jebislik zerurlygy barada düşünjeleriň kemala gelmegine ýardam, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda medeniýet, ylym we bilim pudagynda gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär.