Ï «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçiriler

view-icon 7221
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň geçiriler.

Halkara bäsleşigi 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda Bäsleşigiň Düzgünnamasynda görkezilen ugurlara laýyklykda 2 (iki) tapgyrda geçirilýär.

Halkara bäsleşigine hödürlenýän ylmy-barlag işleri 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýyna çenli aralykda kabul edilýär.

Döwletimizde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda halkara derejede ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak bu bäsleşigiň maksady bolup durýar.