Ï Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty

view-icon 3502
Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty

Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.

Çykyşlarda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde dürli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellenildi. Şunda Türkmenistanda her bir raýatyň azat we mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredilip, olaryň durmuş goraglylygynyň kepillendirilýändigine üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň kazyýet edaralary adalatlylygy amala aşyrmak bilen, türkmenistanlylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerini goraýarlar. Bu ulgamda amala aşyrylýan ähli işler kanunylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilmegine, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleriň, şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada bellenen wezipelere laýyklykda, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly, garaşsyz kazyýet çözgütleriniň çykarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işler maslahatda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa kazyýet ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.