Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisi hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisi hakynda

view-icon 14963

Şu Kanun Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň guralyşyny, düzümleriniň iş tertibini, wezipelerini, ygtyýarlyklaryny we deputatlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda.

Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2-nji madda.

Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

3-nji madda.

Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ykrar edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Mejlisiň täze çagyrylyşy deputatlaryň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä diňe maslahaty açmak, Mandat we Ses sanaýjy toparlary saýlamak baradaky meseleler boýunça kararlary kabul edip biler.

Mejlis Mandat toparynyň teklipnamasy boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda, saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň bozulan halatynda bolsa, käbir deputatlary saýlamak boýunça geçirilen saýlawlary hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda karar kabul edýär.

4-nji madda.

Mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 79-njy maddasyna laýyklykda şu halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

Mejlis adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň we harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe ýatyrylyp bilinmez.


II BAP. MEJLISIŇ WE ONUŇ DÜZÜMLERINIŇ IŞINIŇ GURALYŞY

5-nji madda.

Mejlis öz işini maslahat görnüşinde amala aşyrýar.

Mejlisiň işi onuň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlarynyň işine we meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga, olary bileleşip çözmäge, döredýän düzümleriniň we saýlaýan wezipeli adamlarynyň Mejlisiň öňünde jogapkärçiligine, hasabatlylygyna, aýanlygyna, jemgyýetçilik pikiriniň hemişe hasaba alynmagyna esaslanýar.

Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol doly ygtyýarlydyr.

Mejlisiň maslahaty açyk bolup durýar. Mejlisiň Dessurynda göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahat hem geçirilip bilner.

6-njy madda.

Mejlisiň maslahaty zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek Mejlisiň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Mejlisiň nobatdan daşary maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýa-da Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylyp bilner.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty onuň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi saýlanylandan soň otuz günden gijä goýman Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Saýlawlardan soň Mejlisiň birinji maslahatyny Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy açýar we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň Başlygy saýlanylýança ol maslahaty alyp barýar. Mejlisiň maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşan halatynda ol maslahaty açýar we alyp barýar.

7-nji madda.

Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň Dessurynda bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşyp bilerler.

Mejlisiň maslahatyny guramagyň we geçirmegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

8-nji madda.

Mejlis deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär. Mejlis deputatlarynyň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetlerini we toparlaryny düzýär.

Mejlisiň Başlygy wezipesine dalaşgärler Mejlisiň deputatlary tarapyndan hödürlenilýär.

Mejlis gizlin ses bermek arkaly, deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny saýlaýar, ol Mejlisiň öňünde hasabat berýär.

Mejlisiň Başlygyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygyny möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä deputatlaryň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça Mejlis tarapyndan seredilýär. Mejlisiň Başlygy Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilen kanun esasynda wezipesinden boşadylyp bilner.

Mejlisiň Başlygy onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Şu ýagdaýda Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak hakyndaky kanun açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy öz ygtyýarlyklaryny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança saklap galýar.

9-njy madda.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary deputatlaryň arasyndan açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary Mejlisiň Başlygy tarapyndan öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirýär. Mejlisiň Başlygynyň ýok wagtynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda onuň wezipesini ýerine ýetirýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda kanun açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

10-njy madda.

Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak ýa-da wezipesinden boşatmak hakynda teklipleri girizmegiň tertibi Mejlisiň Dessurynda bellenilýär.

11-nji madda.

Mejlisiň Prezidiumy döredilýär. Prezidium Mejlisiň işini guramagy amala aşyrýar.

Mejlisiň Prezidiumynyň düzümine Mejlisiň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

Mejlisiň Prezidiumyna Mejlisiň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.

12-nji madda.

Mejlisiň we onuň düzümleriniň iş tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.


III BAP. MEJLISIŇ WE MEJLISIŇ BAŞLYGYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

13-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry kanunlaryň taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etmegi we makullamagy üçin Mejlis olary Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iberýär.

14-nji madda.

Mejlis Konstitusiýany, kanunlary we kararlary kabul edýär. Olar Mejlisiň maslahatlarynda açyk ýa-da atma-at ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär.

Konstitusion kanunlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Kanunlar we kararlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bardyr.

15-nji madda.

Kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň hereket etmegi üçin hökmany şert olaryň çap edilmegidir.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi degişli kanun bilen kesgitlenilýär.

16-njy madda.

Kanunlaryň taslamalaryny, degişli meseleleri işläp taýýarlamak we olara deslapdan seretmek işlerini alyp barmak üçin Mejlis deputatlaryň hataryndan komitetleri we toparlary düzýär.

Komitetler hemişelik esasda düzülýär. Toparlar hemişelik, şeýle hem wagtlaýyn esasda döredilip bilner.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalaryny işläp düzmek, kanunlaryň taslamalaryny işläp düzmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan, şeýle-de deputatlaryň öz başlangyçlary bilen girizilen kanunlaryň taslamalary esasynda, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça komitetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Komitetleri we toparlary döretmegiň we ýatyrmagyň, olaryň başlyklaryny, başlyklarynyň orunbasarlaryny hem-de agzalaryny saýlamagyň we boşatmagyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

17-nji madda.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalary komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, kabul edilmegi üçin Mejlisiň maslahatyna hödürlenilýär.

Kanunlaryň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri, olar barada aýdylan teklipler we bellikler Mejlise komitetleriň çykaran netijeleri görnüşinde berilýär.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň tertibi, bu işe komitetleriň gatnaşmagynyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

18-nji madda.

Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna şular degişlidir:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Mejlisiň Başlygyny, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Mejlisiň Prezidiumyny döretmek, onuň düzümine üýtgetmeler girizmek;

4) Mejlisiň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak barada meselä hökmany garamak;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;

7) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

9) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

11) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň içeri işler ministrini, Türkmenistanyň adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garamak;

12) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçyny saýlamak. Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Adalatçynyň orunbasaryny saýlamak we wezipeden boşatmak;

13) döwlet sylaglaryny döretmek;

14) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakmak;

15) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

16) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;

17) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek;

18) kanun çykaryjylyk işiniň ýyllyk we geljekki döwür üçin meýilnamalaryna garamak we tassyklamak;

19) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

20) döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň hem-de Geňeşleriň işine guramaçylyk-usulyýet kömegini amala aşyrmak;

21) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.

19-njy madda.

Mejlisiň Başlygy:

1) Mejlisiň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Mejlisiň maslahatlarynda başlyklyk edýär;

3) Mejlisiň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Mejlisiň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;

4) komitetlere, toparlara we deputatlara guramaçylyk, hukuk, ylmy taýdan, maddy-tehniki hyzmat edilişini üpjün edýär;

5) kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda, taýýarlaýjy toparlary we iş toparlaryny döredýär;

6) Mejlisiň komitetleriniň we toparlarynyň alyp barýan işleri hakyndaky habarlaryny diňleýär;

7) Mejlisiň diwanynyň gurluşyny we wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Mejlisiň kabul eden kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guraýar;

9) kanunlaryň, Mejlisiň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegini guraýar;

10) Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen Mejlisiň özara gatnaşygyny amala aşyrýar;

11) beýleki döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklarda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär we parlamentara aragatnaşyklary amala aşyrmak baradaky işi guraýar;

12) beýleki döwlet edaralary, halkara we beýleki guramalar bilen özara gatnaşykda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär;

13) Mejlis tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry kanunlaryň taslamalaryny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna iberýär;

14) Mejlis tarapyndan kabul edilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberilýän kanunlaryň asyl nusgadygyny öz goly bilen tassyklaýar, Mejlisiň kararlaryna gol çekýär;

15) Mejlisiň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;

16) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlary bilen Mejlisiň Başlygynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Mejlisiň maslahatlarynda ses berlende deputatlaryň sesi deň bolan ýagdaýynda Mejlisiň Başlygy çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Mejlisiň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

20-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekligi Mejlis öz döredýän düzümleriniň üsti bilen amala aşyrýar we ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegini degişli ýuridik şahslara teklip edip biler.

21-nji madda.

Mejlis kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi, geçirilen çäreler, kanunçykaryjylyk ulgamynda girizilýän täzelikleriň raýatlaryň durmuşyna edýän täsirleri hakynda gelen netijeleri we görlen çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna maglumat berip biler.

22-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 10-njy bendine laýyklykda, Mejlis döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitleýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda meselelere garalanda Mejlis olaryň konstitusionlyk prezumpsiýasyndan ugur alýar.

23-nji madda.

Mejlis kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygynyň meselelerine olary girizmäge hukugy bolanlaryň teklibi esasynda seredýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin Mejlise teklip girizmek hukugyna Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti eýedir.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, raýatlar kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin teklip girizmek hukugyna eýe bolan edaralara we wezipeli adamlara ýüz tutup bilýärler.

Mejlis girizilen teklibi delillendirip ret edip biler.

24-nji madda.

Mejlis jedelli kadalaşdyryjy hukuk namasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk gelýändigini kesgitleýän wagty onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýykdygyny şular boýunça takyklaýar:

1) kadalaryň mazmuny we görnüşi (formasy);

2) döwlet edaralarynyň arasyndaky ygtyýarlylyklaryň kesgitlenmekligi;

3) kabul etmegiň, gol çekmegiň, çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi.

Mejlis bu meselelere seredýän wagty taraplaryň delillerine we pikirlerine bagly däldir.

Mejlis girizilen teklipde görkezilmedik, emma barlanylan kadalaşdyryjy hukuk nama esaslanýan ýa-da onuň käbir düzgünlerini gaýtalaýan namalar boýunça hem karar çykaryp biler.

Mejlis geljekde olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy baradaky meseläniň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna gözegçilik we syn etmeýär.

25-nji madda.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda Mejlisiň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden kararlary Türkmenistanyň bütin çägindäki döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr.

Mejlisiň kararlaryna olaryň iberilen edaralary hem-de wezipeli adamlar tarapyndan garalmalydyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, Mejlisiň bellän möhletinde oňa jogap bermek hökmanydyr.

Şu mesele boýunça Mejlisiň kabul eden kararlaryna garamakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ýüz dönderilmegi, möhletleriň bozulmagy, berjaý edilmezligi ýa-da degişli derejede berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.


IV BAP. MEJLISIŇ KOMITETLERI WE TOPARLARY

26-njy madda.

Mejlisiň komitetleriniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň üstünde işlemek;

2) Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere deslapdan garamak we olary taýýarlamak;

3) Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk kararlary durmuşa geçirmäge ýardam bermek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

4) täze kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilmegi üçin kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda kabul edilmegine monitoringi amala aşyrmak.

27-nji madda.

Komitetler Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda onuň ygtyýarlyk möhletine barabar möhlet bilen döredilýär.

Zerur bolan halatynda täze komitetler döredilip, öňki döredilenler ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip guralyp bilner.

28-nji madda.

Komitetiň başlygy, onuň orunbasary we komitetiň agzalary Mejlis tarapyndan saýlanylýar. Komitetleriň agzalary saýlanylanda komitetiň tutuş düzümi boýunça ses bermek geçirilýär, zerur bolan halatynda, her bir hödürlenilýän agza boýunça aýratynlykda ses bermek geçirilýär.

Mejlisiň Başlygy we onuň orunbasary komitetleriň düzümine saýlanylyp bilinmez.

Komitetiň başlygy, onuň orunbasary olaryň haýyşy boýunça, şeýle hem olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine mümkinçilikleriniň bolmadyk ýagdaýlary bilen baglylykda Mejlis tarapyndan wezipesinden boşadylyp bilner.

29-njy madda.

Mejlisiň komitetleri işini Mejlisiň we öz meýilnamalaryna, Mejlisiň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň tabşyryklaryna we tekliplerine laýyklykda guraýarlar.

30-njy madda.

Komitetleriň Mejlisiň maslahatynyň gün tertibi boýunça teklipleri girizmäge, öz ygtyýaryna degişli bolan meseleler boýunça habarnamalar we goşmaça habarnamalar bilen çykyş etmäge hukugy bardyr.

31-nji madda.

Kanunlaryň taslamalarynyň işlenilmegi we kanunlara garamak bilen baglylykda, döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli meseleler barada resmi düşündirişiň berilmegini sorap, döwlet häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlaryna ýüz tutmaga Mejlisiň komitetleriniň hukugy bardyr.

32-nji madda.

Mejlis öz işiniň islendik ugry boýunça toparlary döredip biler.

Toparlar Mejlisiň deputatlarynyň hataryndan toparlaryň başlyklaryndan we agzalaryndan ybarat düzümde, açyk ses bermek arkaly saýlanylýar.

Toparlaryň wezipesi we iş tertibi olar döredilende Mejlis tarapyndan kesgitlenilýär.

Topar işiň jemi boýunça Mejlise habarnama ýa-da netijenama ýazyp berýär. Toparyň habarnamasy, çykaran netijesi boýunça Mejlis karar kabul edýär.

33-nji madda.

Komitetler we toparlar deputatlardan başga-da, alymlary, hünärmenleri, beýleki işgärleri hem öz işine çekip bilerler.

34-nji madda.

Mejlisiň komitetleriniň ýa-da toparlarynyň maslahatyna olaryň düzümine girýän agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, onda olar maslahaty geçirmek üçin doly ygtyýarlydyr.

Komitetiň we toparyň kararlary olaryň agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

35-nji madda.

Komitetleriň we toparlaryň maslahatlary aýanlykda alnyp barylýar.

Komitetler we toparlar zerur bolan halatynda, ýapyk maslahat geçirmek hakynda karar kabul edip bilerler.

36-njy madda.

Komitetiň, toparyň başlygy komitetiň, toparyň işine ýolbaşçylyk edýär, olaryň maslahatlarynda başlyklyk edýär.

Komitetiň, toparyň başlygy degişlilikde:

1) komitetiň, toparyň maslahatlaryny çagyrýar we maslahatlary geçirmek üçin zerur bolan maglumatlary taýýarlamagy guraýar;

2) komitetiň, toparyň agzalaryna tabşyryklar berýär, olara komitetiň, toparyň işi bilen baglanyşykly bolan maglumatlary we resminamalary iberýär;

3) taýýarlaýjy toparlarda we iş toparlarynda komitetiň, toparyň agzalarynyň işini guraýar;

4) döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, hünärmenleriň we alymlaryň komitetiň, toparyň maslahatlaryna gatnaşmagy hakyndaky meseleleri çözýär;

5) komitetiň, toparyň gelen netijelerine gol çekýär;

6) Mejlisiň beýleki komitetleri we toparlary, döwlet edaralary we guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklarda komitetiň, toparyň adyndan wekilçilik edýär;

7) kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek işini guraýar, komitetiň, toparyň agzalaryny komitetiň, toparyň kararlarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habarly edýär;

8) komitetde, toparda seredilen meseleler hakynda, şeýle hem komitetiň, toparyň teklipnamalaryny durmuşa geçirmek üçin görlen çäreler barada Mejlisiň Başlygyna habar berýär.


V BAP. MEJLISIŇ DEPUTATYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

37-nji madda.

Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary olary ykrar etmek hakynda Mejlis tarapyndan karar kabul edilen pursadyndan ýüze çykýar.

Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň işe başlan pursadyndan ýatyrylýar, ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan halatynda ýa-da Mejlisiň deputaty ygtyýarlyklaryndan mahrum edilen halatynda, Mejlis degişli karar kabul eden pursadyndan ýatyrylýar.

Deputatlar halkyň doly ygtyýarly wekilleri bolmak bilen, Mejlisde olaryň işini üpjün edýän ähli hukuklara eýedirler.

Deputatlar öz ygtyýarlyklaryny Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde amala aşyrmak bilen, öz saýlawçylarynyň erkini aňladýarlar.

Deputat saýlawçylar bilen, şeýle hem öz saýlaw okrugynda ýerleşýän döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar.

Mejlisiň deputaty Mejlisiň we onuň düzümleriniň işine işjeň gatnaşýar, olaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär.

Kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, garamak, kabul etmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky işler Mejlisiň deputatynyň işiniň esasy ugrudyr.

Deputatlyk ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak we öz borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça Mejlisiň deputatynyň Mejlis bilen gatnaşygy şu Kanun hem-de Mejlis tarapyndan kabul edilýän gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

38-nji madda.

Döwlet Mejlisiň deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

Mejlisiň deputatynyň hukuklaryna, janyna, at-abraýyna, mertebesine we azatlygyna, şahsy eldegrilmesizligine hyýanat edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

39-njy madda.

Mejlisiň deputaty öz ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis tarapyndan mahrum edilip bilner. Mejlisiň deputaty babatynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi, ony deputatlyk ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek üçin esas bolup durýar.

Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary şu esaslar boýunça möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) öz ygtyýarlyklaryny aýyrmak barada arza bermegi;

2) şu Kanunyň 40-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen wezipelere bellenilmegi ýa-da saýlanylmagy;

3) borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagy;

4) özüniň hukuk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişiň edilmegi;

5) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

6) ölmegi ýa-da Mejlisiň deputaty babatda kämillik ukyby çäklendirilen, kämillik ukyby ýok, nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň kararynyň kanuny güýje girmegi.

Mejlisiň deputatyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek hakyndaky karar deputatlaryň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklaryny togtatmak we möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky karar deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen açyk ses bermek arkaly Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Mejlisiň deputaty barada jenaýat işi derňelýän döwürde onuň ygtyýarlyklary togtadylyp bilner.

40-njy madda.

Mejlisiň deputaty şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipesini eýeläp bilmez.

Mejlisiň deputaty görkezilen wezipeleriň birine bellenilen ýa-da saýlanylan ýagdaýynda, şol wezipä bellenilen ýa-da saýlanylan wagtyndan onuň deputatlyk ygtyýarlyklary ýatyrylan diýlip hasap edilýär we ol barada Mejlis şu Kanunyň 39-njy maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda karar kabul edýär.

41-nji madda.

Mejlisiň deputaty Mejlisiň maslahatlarynda erkin ara alyp maslahatlaşmak esasynda Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen meselelere garalmagyna we çözülmegine gatnaşýar.

Mejlisiň deputaty Mejlisiň we onuň haýsy düzümine saýlanan bolsa, şol düzümiň maslahatlarynda bolmaga, olaryň işine işjeň gatnaşmaga borçludyr.

42-nji madda.

Mejlisiň deputaty kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuga eýedir. Mejlisiň deputaty Mejlisiň maslahatlarynda garalýan ähli meseleler boýunça çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Mejlisiň deputaty şulara haklydyr:

1) Mejlis tarapyndan döredilýän we saýlanylan düzümlere we wezipelere dalaşgärleri teklip etmäge, saýlamaga we saýlanylmaga;

2) Mejlisiň garamagy üçin meseleleri teklip etmäge;

3) meselelere garamagyň tertibi hem-de ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň düýp mazmuny barada teklipler we bellikler girizmäge;

4) kararlaryň taslamalaryny taýýarlamaga we olara düzedişleri girizmäge;

5) Mejlisiň döredýän düzümleriniň atma-at düzümi hem-de Mejlisiň saýlaýan wezipeli adamlary barada öz pikirini aýtmaga;

6) meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, soraglary bermäge;

7) resmi sowal bilen ýüzlenmäge;

8) ses bermegiň delillendirmeleri barada we öz tekliplerini esaslandyrmak üçin çykyp geplemäge, düşündiriş bermäge.

Mejlisiň deputaty Mejlisiň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boýunça öz çykyşynyň, teklipleriniň we bellikleriniň ýazgysyny teswirnama goşmak üçin başlyklyk edijä berip biler.

Ýokarda görkezilen hukuklary amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun hem-de Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

43-nji madda.

Mejlisiň deputatynyň resmi sowaly jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan meseleler boýunça resmi düşündirişiň berilmegi ýa-da olar boýunça öz nukdaýnazaryny beýan etmegi barada Mejlisiň deputatynyň Mejlisiň maslahatynda döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara talap bildirmegidir.

Mejlisiň deputatynyň Mejlisiň maslahatlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüzlenmäge hukugy bardyr.

Resmi sowaly Mejlisiň deputaty ýa-da deputatlaryň toparlary dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde girizip biler. Ýazmaça görnüşinde girizilen resmi sowal Mejlisiň maslahatynda yglan edilýär.

Özüne resmi sowal bilen ýüzlenilen döwlet edarasy ýa-da wezipeli adam Mejlisiň maslahatynda şol resmi sowala Mejlis tarapyndan bellenilen möhletlerde jogap bermäge borçludyr. Resmi sowal, oňa berlen jogap hem-de resmi sowala garamagyň netijeleri boýunça Mejlisiň kabul eden karary metbugatda çap edilýär.

Mejlisiň deputatynyň resmi sowaly boýunça kabul edilen kararyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty Mejlis tarapyndan bellenilen möhlete çenli bermäge döwlet edarasyny ýa-da wezipeli adamy borçly etmäge Mejlisiň haky bardyr.

44-nji madda.

Mejlisiň deputatlarynyň maslahatda aýdan tekliplerine hem-de belliklerine Mejlis, onuň komitetleri ýa-da toparlary tarapyndan garalýar ýa-da wezipeli adamlarynyň seretmegine iberilýär.

Mejlisiň deputatlarynyň döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara iberilen tekliplerine hem-de belliklerine olar bir aýdan gijä goýman garamaga we olaryň netijeleri barada gös-göni Mejlisiň deputatyna hem-de Mejlise ýazmaça habar bermäge borçludyrlar.

45-nji madda.

Deputat öz saýlaw okrugynda:

döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlaw okrugynyň raýatlarynyň düýpli bähbitlerine degişli meselelere garalanda oňa gatnaşmaga;

okrugyň saýlawçylarynyň ýygnagyny geçirmäge;

özüniň deputatlyk işiniň meseleleri boýunça radioda, telewideniýede we metbugatda çykyş etmäge hukugy bardyr.

Deputat:

Mejlisiň işi barada saýlawçylara, jemgyýetçilik birleşiklerine habar bermäge;

jemgyýetçilik pikirini, ilatyň isleglerini we talaplaryny öwrenmäge, olar barada Mejlise habar bermäge, olary kanagatlandyrmak maksady bilen, degişli edaralaryň çäreler görmegi üçin teklipler girizmäge borçludyr.

46-njy madda.

Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary saýlaw okrugynda deputatyň saýlawçylar bilen duşuşyk geçirmegine ýardam edýärler we raýatlary kabul etmegini ýola goýýarlar, olary geçirmek üçin zerur şertleri döredýärler.

Deputatyň saýlawçylar bilen duşuşygy ýylda azyndan bir gezek geçirilip durulýar.

Deputat saýlawçylardan gelip gowşan tekliplere, arzalara we şikaýatlara garaýar, olaryň dogry we öz wagtynda çözülmegi üçin çäreler görýär.

47-nji madda.

Mejlisiň deputaty özüniň işine degişli meseleler boýunça döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik birleşiklerine, kärhanalara, edaralara we guramalara barmak hukugyndan, şeýle hem olaryň ýolbaşçylary hem-de beýleki wezipeli adamlar tarapyndan gaýra goýulman kabul edilmek hukugyndan peýdalanýar.

Mejlisiň deputatlarynyň döwlet syry hem-de kanun arkaly goralýan başga syry özlerinde saklaýan resminamalar bilen tanyşmagynyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär.

48-nji madda.

Mejlis deputaty resminamalar, resmi neşirler, habarlar we beýleki zerur maglumatlar bilen üpjün edýär.

Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary Mejlisiň deputatynyň haýyş etmegine görä, onuň işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hünärmenleriň maslahatyny guramaga we oňa zerur bolan maglumatlary bermäge borçludyrlar.

Mejlisiň deputatynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryna dilden ýa-da ýazmaça ýüzlenmäge we goýlan meselelere garalanda oňa gatnaşmaga haky bardyr. Ýokarda görkezilen edaralar we wezipeli adamlar Mejlisiň deputatyna onuň dilden aýdan ýa-da ýazmaça iberen ýüzlenmesi boýunça jogap bermäge borçludyrlar.

49-njy madda.

Mejlisiň deputatynyň Türkmenistanyň aeroportlarynyň, demir ýol menzilleriniň, derýa we deňiz portlarynyň resmi wekiliýetler üçin niýetlenilen jaýlarynda (myhman otaglarynda) özüne mugt hyzmat edilmegine hukugy bardyr. Resmi wekiliýetleriň jaýlarynda (myhman otaglarynda) Mejlisiň deputaty öz şahsyýetnamasyny görkezen ýagdaýynda, oňa nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyk esasynda bilet nobatsyz berilmelidir.

Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalar, edaralar, guramalar we olaryň wezipeli adamlary Mejlisiň deputatynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri üpjün edýärler.

Döwlet edaralary Mejlisiň deputatyna öz işini amala aşyrmakda, deputatyň saýlaw okrugynda bolmagyny guramakda, ulag we myhmanhana bilen üpjün etmekde ýardam edýärler.

Mejlisiň deputaty daşary ýurtlara gidip geleninde diplomatik pasportdan peýdalanýar, Türkmenistanyň çäginden çykyp gidende we onuň çägine gaýdyp gelende gümrük barlaglaryndan boşadylýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary oňa zerur goldawlary bermäge borçludyrlar.

Mejlisiň deputatlaryna zerur bolan ýagdaýlarda, olaryň ygtyýarlyklarynyň bütin döwründe gulluk ýaşaýyş jaýy berilýär.

Mejlisiň deputatynyň we onuň maşgala agzalarynyň öz hemişelik ýaşaýan ýerindäki ýaşaýyş jaýy onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen bagly şol öýünde bolmadyk möhletiniň bütin dowamynda saklanyp galýar.

50-nji madda.

Mejlisiň deputatynyň Mejlisde işlemek üçin göçüp gelmegi bilen baglanyşyklylykda Mejlisiň deputatyna we onuň maşgala agzalaryna, şeýle hem onuň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen öňki ýaşan ýerine dolanyp barmagy bilen baglanyşyklylykda, göçüp gitmek üçin Mejlis tarapyndan bellenilen tertipde we möçberlerde çykdajylaryň öwezi dolunýar.

Mejlisde işlemek üçin Mejlisiň deputatyna, maşgalasynyň onuň bilen bile göçüp gelen her bir agzasyny hasaba almak bilen, Mejlisiň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin bellenilýän iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn pul kömegi tölenilýär.

51-nji madda.

Mejlisiň deputatynyň Mejlisde we onuň düzüminde işlän wagty umumy we üznüksiz işlän döwrüne, hünäri boýunça işlän döwrüne, harby gulluk döwrüne we içeri işler edaralarynda gulluk eden möhletlerine goşulyp hasaplanylýar, şonuň ýaly-da bu möhlet nobatdaky harby we ýörite atlary, hünär derejelerini we tapawutlandyryş nyşanlaryny almak üçin hukuk berýän wagtyň üstüne goşulýar.

Ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň, Mejlisiň deputatyna öňki işi (gullugy), şeýle mümkinçiligiň bolmadyk halatynda öňküsine barabar bolan başga iş (gulluk) berilýär.

52-nji madda.

Mejlisiň razylygy bolmasa, Mejlisiň deputaty eýeleýän wezipesinden boşadylyp, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez. Mejlisiň deputaty babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan Mejlisiň razylygy bolanda gozgalyp bilner.

Mejlisiň deputatyny, onuň işleýän ýa-da ýaşaýan jaýyny, gulluk ýa-da şahsy ulag serişdesini, goşlaryny barlamaga ygtyýar berilmeýär.

53-nji madda.

Mejlisiň deputaty babatda jenaýat işini gozgamak, ony administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek, tussag etmek ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek barada razylyk almak üçin Türkmenistanyň Baş prokurory Mejlise ýazmaça ýüzlenýär.

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýazmaça ýüzlenmesi Mejlisiň deputaty barasynda jenaýat işi gozgalmazdan, oňa günä bildirilmezden, onuň tutulyp saklanmazyndan ýa-da ony tussag etmek ýa-da başga ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek üçin sanksiýa berilmezinden we administratiw hukuk bozulmalar hakynda işe seredilmezinden öň amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýüzlenmesine garalanda Mejlis Türkmenistanyň Baş prokuroryndan ýüzlenmede görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlaryň berilmegini talap edip biler. Mejlis garalan mesele boýunça delillendirilen karar kabul edýär we bu barada üç günüň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokuroryna habar berýär. Ýeterlik esas bolan ýagdaýynda Mejlis öz çykaran kararyna gaýtadan seredip biler. Özüniň eldegrilmesizligi hakyndaky meselä seredilende Mejlisiň deputaty şol maslahata gatnaşmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Вaş prokurory iş boýunça önümçilik tamamlanandan soň üç günüň dowamynda geçirilen barlagyň we işe garamagyň netijeleri hakynda Mejlise habar bermäge borçludyr.

54-nji madda.

Mejlisiň deputatynyň deputatlyk şahsyýetnamasy we onuň döşe dakylýan nyşany bolýar, olar Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary Mejlis tarapyndan ykrar edilenden soň berilýär. Mejlisiň deputaty deputatlyk şahsyýetnamasyny we döşe dakylýan nyşanyny özüniň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanýança peýdalanýar.

Deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan ýagdaýynda Mejlisiň deputatynyň şahsyýetnamasy we döşe dakylýan nyşany Mejlise gaýtarylyp berilýär. Mejlisiň deputatynyň şahsyýetnamasy we döşe dakylýan nyşany hakyndaky düzgünnamalar, şeýle hem Mejlisiň deputatynyň şahsyýetnamasynyň we döşe dakylýan nyşanynyň nusgalary Mejlis tarapyndan tassyklanylýar.


VI BAP. KANUN ÇYKARYJYLYK IŞI

55-nji madda.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ýa-da olary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kanunlaryň taslamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň täze kanunlaryny kabul etmek ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda ýazmaça teklipler görnüşinde amala aşyrylýar.

56-njy madda.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolmadyk döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýa-da aýry-aýry raýatlaryň kanun taslamalary ýa-da kanun çykaryjylyk teklipleri kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan edaralaryň ýa-da Mejlisiň deputatlarynyň üsti bilen Mejlise berlip bilner.

57-nji madda.

Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr.

Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

58-nji madda.

Kanunlaryň taslamalary we kanun çykaryjylyk teklipler kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy durmuşa geçirmek tertibinde Mejlise berilýär.

Mejlise berlen kanunlaryň taslamalary we kanun çykaryjylyk teklipler olara deslapdan garamak, netijenama bermek we Mejlisiň maslahatlarynda seretmek üçin degişli komitetlere we toparlara berilýär.

Komitet tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iberilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Mejlisiň bu taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan edýär we makullaýar.

59-njy madda.

Türkmenistanyň kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär. Türkmenistanyň kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary on günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti otuz günüň dowamynda kanuna gol çekýär.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň närazylyklary bilen Mejlise kanuny gaýtarmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yzyna gaýtarylan kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilýär we ses berilýär.

Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa, ol kabul edilen hasap edilýär we Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär.

60-njy madda.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan makullanan Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda Konstitusion kanun, Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, kabul edilen diýlip hasap edilýär.


VII BAP. MEJLISIŇ DIWANY

61-nji madda.

Mejlisiň, onuň komitetleriniň we toparlarynyň, wezipeli adamlarynyň we deputatlarynyň işiniň guramaçylyk, tehniki we beýleki üpjünçiligi Mejlisiň diwany tarapyndan amala aşyrylýar.

Mejlisiň diwanynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Mejlisiň ygtyýarlyk möhletine bagly däldir.

Mejlisiň diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi Mejlis tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

62-nji madda.

Mejlisiň diwanynyň esasy wezipeleri:

1) Mejlisiň we onuň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlaryna, Mejlisiň beýleki çärelerine, şeýle hem deputatlaryna guramaçylyk we maddy-tehniki taýdan hyzmat etmek;

2) Mejlise raýatlardan gowuşýan tekliplere, arzalara we şikaýatlara garamak, olary öwrenmek we umumylaşdyrmak;

3) Mejlisiň resminamalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guramak;

4) Mejlisiň işini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly beýan etmek bilen baglanyşykly bolan zerur maglumatlary taýýarlamak;

5) Mejlisiň diwanynyň ýerine ýetirmegine degişli edilen beýleki meseleleri çözmek bolup durýar.


VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

63-nji madda.

Mejlisiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

64-nji madda.

Mejlisiň ýerleşýän jaýynda, onuň maslahatynyň geçirilýän jaýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gerilmelidir.

65-nji madda.

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Şu Kanunyň herekete girizilen gününden 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 78-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 16-njy marty.