Ï Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin taslamasynyň açylyş çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin taslamasynyň açylyş çäresi geçirildi

view-icon 4378
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin taslamasynyň açylyş çäresi geçirildi

Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetlerine Migrasiýa boýunça Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmäge ýardam bermek» atly sebitleýin taslamasynyň Türkmenistandaky açylyş çäresi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Bu maslahata Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada belläp, “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olary durmuşa geçirmegiň usullary hem-de bu halkara resminamasyny milli derejede amala aşyrmaklygyň netijeli gurallary barada pikir alyşdylar.

Iş maslahatynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini belläp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.