Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda teoretiki mehanika boýunça geçiren Olimpiadasynda 4 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 19-sy kesgitlenildi.
Ömürmuhammet Söýünhanow we Guwanç Yzbasdyýew (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty), Ýazmuhammet Möwlýamow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty) we Şöhrat Babamyradow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) ýeňiji diýlip yglan edildi.
8 ikinji we 11 üçünji orunlary ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary eýelediler.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-siniň talyplary gatnaşdylar. Düzgünnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň hersinden okuw döwründe iň gowy netijeleri görkezen üç talyp Olimpiada gatnaşdy. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.
Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin olimpiada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň özünde geçirildi. Oňa onlaýn görnüşde ýokary okuw mekdeleriniň üçüsiniň – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary), Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat) we Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz) talyplary gatnaşdylar.
Teorertiki mehanikadan olimpiada talyplaryň ders boýunça bilim derejesine baha bermek, olardan has zehinlilerini we başarnyklylaryny ýüze çykarmak, ýaşlary bilim-düşünje, ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, talyplaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, takyk we tebigy ylymlary çuňňur öwrenmäge islegini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirildi.