Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurdumyzyň uly synp okuwçylarynyň arasynda şu institutyň we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň geçiren «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň dördünji oýny geçirildi.
16 oýunçydan ybarat toparda Aşgabat şäherinden, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan 10-11-nji synp okuwçylary bardy. Taryh we diplomatiýa ugrundan ökde ýaşlar ýeňiş gazanmak hem-de taslamanyň ýakyn wagtda geçiriljek jemleýji synaglaryna gatnaşyjylaryň hataryna girmek hukugy ugrunda bäsleşdiler.
Mekdep okuwçylary «Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary» temasyndan bäsleşdiler. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» taslamanyň ikinji möwsüminiň umumy temasydy.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatr we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Çaryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýewbäsleşigiň dördünji oýnunyň eminler toparynyň agzalarydy.
Uly ruhubelentlige beslenip, gyzgalaňly geçen bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Taňryguly Geldimämmedow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Weýselhajy Nureddinow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow dagy IV oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Geljege miras» hususy kärhanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň dördünji oýny «Miras» milli teleýaýlymynda türkmen tomaşaçylaryna görkeziler.