Ï Tehnologiýa we ekologiýa: Çendu şäherine mediasyýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýa we ekologiýa: Çendu şäherine mediasyýahat

view-icon 137
Tehnologiýa we ekologiýa: Çendu şäherine mediasyýahat

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde žurnalistler üçin «China International Press Communication Center (CIPCC) 2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen žurnalistler, şol sanda türkmen žurnalisti üçin ýurduň dürli künjeklerine saparlar guralýar. Şeýle saparlaryň biri 21 – 24-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherine guraldy.

Bütindünýä geoykdysady we syýasy özgerişlikleriň döwründe ylym, tehnologiýa we innowasiýalar diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem, halkara diplomatiýanyň hem iň täsirli guralyna öwrülýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu – Çunsin sebitinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde geçirilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk çäresi dünýäniň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleri, hünärmenleri bir ýere jemledi. Amala aşyrylan saparlaryň esasy ugry durnukly ösüşe, ýaşyl energiýa we tehnologik özara baglanyşyga gönükdirildi.

Çendu şäherine bolan saparyň ilkinji gününde şäheriň «Şisziçen» halkara maslahatlar merkezinde ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk çäresiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärede «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde innowasion ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň umumy ýagdaýynyň we çäräniň tanyşdyrylyşy, Syçuan welaýatynyň, onuň ylmy-tehniki hem-de innowasion kuwwatynyň we çäräniň maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Şeýle hem Syçuanda işleýän daşary ýurtly alymlaryň «Syçuandaky ylmy-barlag işim» temasy boýunça çykyşlary diňlenildi.

22-nji sentýabrda Sinhua uniwersitetiniň Syçuan energetika interneti gözleg institutyna guralan gezelençler HHR-niň ekologiýa diplomatiýada we täze eýýamyň energetikasynda ýeten üstünliklerini aýdyň görkezdi.

Ylmy hyzmatdaşlyk halkara diplomatik gatnaşyklaryň iň berkleşdiriji bölegi hökmünde çykyş edýär. Hytaý bilen Täze Zelandiýanyň kiwi boýunça bilelikdäki barlaghanasy muny aýdyň subut edip, geografik taýdan uzakda ýerleşýän we syýasy ulgamlary tapawutlanýan döwletleriň hem bilelikdäki ylmy gözlegler arkaly azyk hojalygyny we bio-tehnologiýany ösdürip biljekdigini görkezýär. Bu bolsa «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň diňe bir fiziki infrastrukturany däl, eýsem, halkara ylmy birleşmesini hem maksat edinýändigini aňladýar.

Bulardan başga-da şol gün Tianfu halkara biolukmançylyk parkyna (Tianfu International Bio-town) gezelenç guraldy. Günbatar Hytaýyň Ylym şäherçesiniň – Çendu şäheriniň bir bölegi bolan bu meýdança bioykdysadyýetiň öňdebaryjy zolagy we «şäher-seýilgäh» görnüşindäki görkezme meýdançasy hökmünde kesgitlenendir. Bu ýerde bioykdysady innowasiýalaryň ählumumy merkezini döretmäge gönükdirilen «optimallaşdyrmak we hili ýokarlandyrmak, meýdançany ýöriteleşdirmek esasynda ösdürmek, netijeliligi artdyrmak hem-de kärhanalary doly kuwwatynda işletmek» maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Meýdança dört sany ugra – biolukmançylyga, lukmançylyk enjamlaryna, biohyzmatlara we bioönümçilige gönükdirilendir.

Saparyň çäreleriniň çäginde 23-nji sentýabrda Çendu şäheriniň uly Pandalaryň köpeltmek boýunça ylmy-barlag merkezine hem syýahat guraldy. Pandalar diňe bir tebigatyň we biodürlülik goragynyň nyşany bolman, eýsem, döwletleriň arasyndaky dostlugyň we parahatçylygyň diplomatik simwoly hökmünde çykyş edýär. 1987-nji ýylda düýbi tutulan bu merkez 2006-njy ýylda 4A derejeli döwlet syýahatçylyk gözellik mekany derejesini aldy we BMG-niň «Global 500» ýokary ekologiýa baýragyna iki gezek mynasyp boldy.

Şeýle hem Çendunyň ylmy-innowasion ekoparkynyň hem-de Çendunyň adama meňzeş robotlar innowasiýa merkeziniň sergi zalyna guralan syýahat aýratyn täsirlere eýe boldy. «Chengdu Humanoid Robot Innovation Center Co., Ltd.» kompaniýasy 2024-nji ýylyň aprel aýynda döredildi we Merkezi hem-de Günbatar Hytaýda adama meňzeş robotlar boýunça iň uly topardyr. Merkez ýerli şertleri göz öňünde tutmak bilen täze önümçilik güýçlerini ösdürýär, «embodied intelligence» (görünýän/maddy paýhas) ulgamy bolan inženerçilik robotlarynyň özgerdilmegini we önümçilikde ulanylmagyny öňe sürýär. Bu merkez Hytaýda «hakyky beýnili adama meňzeş robotlary» işläp düzmek bilen meşgullanýan ilkinji toparlaryň biridir.

24-nji sentýabrda «Chengdu Guoxing Aerospace Technology Co., Ltd.» kompaniýasyna hem-de «Tongwei» fotoelektrik tehnologiýalar muzeýine gezelençler guraldy.

Saparyň ahyrynda tejribe alyşmak boýunça jemleýji duşuşyk geçirildi. Duşuşykda daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri sapar boýunça özleriniň täsirlerini we pikirlerini paýlaşdylar, şeýle hem geljekki mümkinçilikler barada gürrüň edildi.

Geçirilen ähli duşuşyklar we tanyşlyklar XXI asyrda durnuklylygyň we parahatçylygyň diňe bir gepleşikler bilen däl, eýsem, bilelikdäki ylmy-tehnologik ösüş arkaly gazanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Netijede, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy tehnologiýalary, ekologiýany we adamlary birleşdirip, köptaraplaýyn ösüşiň täze ugruny dünýä hödürlemegini dowam edýär.