Ï Şöhratly bedewlerimiziň belent sarpasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şöhratly bedewlerimiziň belent sarpasy

view-icon 6219
Şöhratly bedewlerimiziň belent sarpasy

Ýurdymyz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmakda we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, onuň ylmy esaslaryny berkitmekde we bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmekde gazanan täze üstünlikleri bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna barýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P. Baýramdurdyýewe ýüzlenip, täze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň— dekanatyň, kafedranyň, okuw bölüminiň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Täze ýokary okuw mekdebi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny goramak, baş sanyny artdyrmak we ylmy esasda işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredildi.

Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy hökmünde giňden tanalýar . Şol bir wagtyň özünde, ol geçen ýyl neşir edilen “At saýlamagyň düzgünleri” we “Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty” eserleriniň awtordaşydyr. M. Rejepgulyýew bilen bielikde ýazylan bu eserler ahalteke atçylyk sporty bilen gyzyklanýanlar, talyplar we hünärmenler üçin ylmy-amaly gollanma hökmünde niýetlenendir.

Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy - önümçilik merkezi, şeýle hem atçylygyň we milli sungatyň ösmegi üçin Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki iş alyp barar. Türkmen halkynyň Milli Lideri milli atçylyk ýörelgeleriniň häzirki zaman ylmynyň gazananlary göz öňünde tutulyp kämilleşdiriljekdigini we munuň üçin merkezde ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki barada aýdylanda, ýurdumyzda milli atçylyk oýunlarynyň we atçylyk sportunyň ösmeginde, halkara derejesine çykarylmagynda onuň möhüm orny bolmalydyr. Bu ýerde halkara ýaryşlar geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde ahalteke atlarynyň dünýä ýüzünde şöhratynyň artmagyna, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegine ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem tanymal atşynaslar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy - önümçilik merkezi, Arkadag şäherinde gurlan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bilelikde ylmy iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirerler.