Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň uçurym synplarynyň okuwçylarynyň arasynda dersler boýunça olimpiadalar başlandy.
Mekdep okuwçylary üçin fizika, himiýa, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça dört ders olimpiadasy geçiriler. Olimpiadalar üç dilde - türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär. Olimpiadalaryň her biri iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň birinji tapgyry onlaýn görnüşde, ikinji tapgyry okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmagynda guralar. Birinji tapgyrda iň gowy netijeler görkezenler we has köp utuk gazananlar ýaryşyň ikinji tapgyryna gatnaşyp bilerler.
Birinji olimpiadalaryň hatarynda ýokary synp okuwçylary üçin fizika boýunça olimpiada başlandy. Bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşyjylar üçin mekdep okuw maksatnamasyndan fizika boýunça meseleler taýýarlanyp, olary çözmäge 120 minut (2 sagat) wagt berildi.
18-nji aprelde, himiýa ökdeleriň arasynda olimpiadasynyň birinji tapgyry geçiriler. 19-njy we 20-nji aprelde matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalaryň birinji tapgyry geçiriler.
Olimpiadalar dersleri çuňňur bilýän we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge ukyply zehinli ýaşlary aýan etmek, okuwçylaryň akyl-paýhas işjeňligini höweslendirmek, takyk we tebigy ylymlary çuňňur öwrenmäge höwesjeň has zehinli we başarjaň uly synp okuwçylaryny ýüze çykarmak, şeýle hem milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň çalt depginlerde ösýän şertlerinde geljekki hünärmenleri kemala getirmek maksady bilen gurnalýar.
Ders olimpiadalary Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasynyň we ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlaryň okadylmagyny kämilleşdirmek konsepsiýasynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde geçirilýär.