Ï Alymlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullary ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullary ösdürýärler

view-icon 4023
Alymlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullary ösdürýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullar boýunça gözlegler alnyp barylýar.

FAO-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, topragyň şorlaşmagyna garşy göreş adamzadyň global meselesidir. Bu ýagdaýlar Merkezi Aziýany hem öz içine alýan gurak sebitlerde has ýygy duş gelýär.

Suwarymly ekerançylyk şertlerinde topragyň tebigy we ikinji derejeli şorlaşmagy ozal hasylly ýerleriň ýitmegine hem-de çölleşmek ýagdaýyny agyrlaşdyrýan sebäplere getirýär. Alymlaryň pikirine görä, topragyň şorlaşmagy, ilkinji nobatda, ösümlikleriň ösmegine päsgel berýän aňsat ereýän duzlaryň kök gatlagynda bolmagydyr. Şeýle duzlaryň toprak erginindäki ösümlikleriň ösmegine päsgel berýän täsiri osmotik we zäherli täsirler bilen baglanyşyklydyr.

Osmotik täsir duzlaryň konsentrasiýasynyň topragyň ergininden suwuň köküne girmeginiň ýa-da kök öýjüklerinden suwuň topraga siňmeginiň öňüni alýar.

Aňsat ereýän duzlaryň ösümliklere zäherleýji täsiri, ýokumly maddalaryň deňagramlylygyny bozýan käbir ionlaryň belli bir fiziologiki täsiri bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen toprakdaky duzlaryň biologiki usullar arkaly eremegi barada barlaghanada ylmy gözlegler alnyp barylýar.

Barlaghananyň işgärleri topragy bölmek usullaryndan başga-da ösümlik galyndylaryndan organiki dökünleri öndürmek üçin tehnologiýalary ösdürýärler.

Organiki dökünler topragyň hasyllylygyny we ösümlik iýmitlenişini kesgitleýän möhüm toprak düzümleriniň biridir.

Toprakdaky mikrobiologiki täsirleriň netijesinde organiki dökünlerdäki azot, fosfor, kaliý we kükürt birleşmeleri ösümlikleriň topraga siňdirilmegi üçin amatly şert bolup durýar.

Biokompost usuly topraga oňaýly we peýdaly täsir edýär, hem-de ony ýokumly maddalar bilen üpjün edýär, topragyň şorlugyny peseldýär, durnuklylygyny ýokarlandyrýar we çyglylygy saklaýar.

Kompost öndürmek üçin önümçilik, senagat, oba hojalygy we haýwan galyndylary ýaly dürli substratlar ulanylýar.

Biokompost usulynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin dürli himiki, ösümlik we mikrobiologiki goşundylardan (bakteriýalar, kömelekler) peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynda geçirilen synagda ösümlik galyndylary ulanyldy we bioinokulirlenen kompost taýýarlanyldy.

Taýýarlanylan organiki dökünleriň wegetatiw synagy geçirildi, netijede organiki dökünleriň goşulmagy bilen gözegçilik edilen toprak has ýokary hasyl görkezdi.