Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Aldar Köse» ertekisi sahnalaşdyryldy.
Spektaklyň edebi esasyny režissýor Öwezmuhammet Galandarow türkmen halk ertekileriniň esasynda ýazdy.
Türkmen halk döredijiliginiň tanymal gahrymany Aldar Köse aýaly Toty bilen ýaşaýar we işsizligi sebäpli yzygiderli zeýrenýär.

Bir gün gündelik bolýan dawa-jenjelden soň, gaharly adamsy öýünden çykyp, tokaýa gidýär. Ol ýerde oňa döw duş gelýär. Aldar Köse janyny halas etmek üçin döw bilen jedele girýär we ony ýeňýär. Wakalar düýbünden garaşylmadyk öwrüm alýar.
– Aldar Kösäniň başdangeçirmeleri baradaky spektaklyny Balkan welaýatynyň döredijilik işgäriniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrdym – diýip, režissiýor Öwezmuhammet Galandarow aýdýar. – Her ýyl dynç alyşa gidýärin we ýurdumyzyň sebit teatrlaryna baryp görýärin. Ol ýerde aktýorlar bilen işleýärin we hünär tejribämi paýlaşýaryn.
Bu gezek Lebap welaýatynyň teatrynyň döredijilik topary bilen bilelikde aýdym-sazlara we oýunlara ünsi jemläp, halk ertekisini sahnalaşdyrdyk.

Spektaklda teatryň artistleri Çary Rahmankulow, Dilaram Nurmämmedowa, Çary Eýeberenow, Gulbahar Gurbangulyewa we Aziza Akyýewa çykyş edýärler.
Ugurtapyjy gahryman hakyndaky oýun durmuşda gabat gelýän dürli kynçylyklardan baş alyp çykmaklygy öwredýär.
Spektaklyň mazmuny arakly çagalar dünýä hakyndaky düşünjelerini artdyrýarlar, paýhasly, başarnykly we döredijilikli häsiýete eýe bolýarlar.
Ertekide çagalar üçin hem, uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem gyzykly pursatlar boldy.