Ï OMOUS-2023: Olimpiadada ýeňijileriň 29-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 149-sy kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

OMOUS-2023: Olimpiadada ýeňijileriň 29-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 149-sy kesgitlenildi

view-icon 6173
OMOUS-2023: Olimpiadada ýeňijileriň 29-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 149-sy kesgitlenildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Matematika boýunça açyk olimpiadanyň (OMOUS-2023) netijeleri jemlenildi.

Matematika bäsleşiginiň netijelerine laýyklykda 29 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 149-sy kesgitlenildi.

 Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU), Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary şahsy bäsleşiklerde 20 altyn medal eýelediler.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň we HYY we ÖU-nyň talyplary toparlaýyn bäsleşiklerde ýene 2 altyn medala mynasyp boldular.

 Ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyplary şahsy bäsleşiklerde 37 kümüş we 63 bürünç medal eýelediler. 

HYY we ÖU-nyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplar toparlary 7 kümüş we 9 bürünç medala mynasyp boldular.

Olimpiadada daşary ýurtly talyplaryň 7-si ýeňiş gazandy. Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň (Russiýa) talyplary 5 altyn medal (şahsy bäsleşikde 4 we toparlaýyn ýaryşda 1) eýelediler. Şahsy bäsleşiklerde Budapeştiň Lorand Etweş adyndaky uniwersitetiniň (Wengriýa) we Keretaro Awtonom uniwersitetiniň (Meksika) talyplary 2 altyn medala mynasyp boldular.

Saud Arabystanly, özbegistanly, azerbaýjanly, germaniýaly we russiýaly talyplar 10 kümüş we 15 bürünç medal eýelediler.

Toparlaýyn bäsleşikde russiýaly talyplar 2 kümüş, özbegistanlylar 3 bürünç we azerbaýjanly talyp 1 bürünç medal gazandylar.

Mundan başga-da, Meksikanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň we Saud Arabystanynyň birleşen topary kümüş medal eýeledi. Türkmenistanyň, Russiýanyň we Azerbaýjanyň talyplar ýygyndy topary bürünç medala mynasyp boldy.

Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda medallar we degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.

Umuman, OMOUS-2023 bäsleşigine Türkmenistandan, Saud Arabystanyndan, Germaniýadan, Wengriýadan, Russiýadan, Meksikadan, Eýrandan, Özbegistandan we Azerbaýjandan üç ýüze golaý talyp gatnaşdy.

Paýtagtymyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bassyr dört ýyl bäri talyplaryň arasynda Matematika boýunça açyk olimpiadany (OMOUS) üstünlikli geçirip gelýär. Akyl-paýhas bäsleşigi ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge, ony has netijeli etmäge, şeýle hem talyplaryň bu ders boýunça taýýarlyk derejesine baha bermäge, has ukyply we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.