Ï Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler we teatrlaryň sahnalarynda görkeziljek oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler we teatrlaryň sahnalarynda görkeziljek oýunlar

view-icon 3663
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler we teatrlaryň sahnalarynda görkeziljek oýunlar

2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Türkmenistanda zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler, konsertler, sergiler we çykyşlar guraldy. Paýtagtymyzda garaşylýan medeni çäreleriniň sanawyny okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.

26-njy maýda sagat 17:00-da Aşgabat medeniýet we dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara günine bagyşlanan baýramçylyk konserti geçiriler. Giriş mugt.

27-nji maýda sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Resul Glyçewiň dirižýor Guwanç Saparalyýewiň we çagalar horunyň gatnaşmagynda ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti bolar.

Konsert maksatnamasyna türkmen we dünýä klassikasynyň meşhur kompozisiýalary girizildi. Giriş mugt.

28-nji maýda sagat 16:30-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde sizi Çagalary goramagyň halkara güni  mynasybetli «Kiçijik ýurt»   kostýumirlenen  konsertine tomaşa edmäge çagyrýar. 

Çagalar we olaryň ene-atalary multfilm gahrymanlary bilen has gowy tanşyp bilerler, bile aýdym aýdarlar, tans edip bilerler we interaktiw çärelere gatnaşyp bilerler. Giriş biletli.

Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Gülki agşamy» 19:00;

28.05.2023: «Gülki agşamy» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Bir Selbiniň yşkynda» 19:00;

28.05.2023: «Talyp söýgüsi» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Mähriban dideler» 19:00;

28.05.2023: «Oýun bir, maza iki» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Altyn jüýjejik» 12:00; 

27.05.2023: «Arzuwlary ýerine ýetiriji» 19:00;

28.05.2023: «Buratinonyň başdan geçirmeleri» 11:00; 13:00;

28.05.2023: «Hanuma» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Dawa nämeden başlandy?» 19:00;

28.05.2023: «Aýdym-sazly komediýa oýun»19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziljek sahnalar:

27.05.2023: «Bir towşanjyk bar eken» 17:00; 

27.05.2023: «Jüýteniň toýy» 19:00;

28.05.2023: «Maşa we Aýy» 12:00; 17:00;

28.05.2023: «Çagaly öý – bazar» 19:00.