Ï «Ýylyň talyby – 2023» adyna mynasyp bolan talyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýylyň talyby – 2023» adyna mynasyp bolan talyp

view-icon 5657
«Ýylyň talyby – 2023» adyna mynasyp bolan talyp

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gülnabat Saparowa «Ýylyň talyby – 2023» adyna mynasyp boldy. Ol Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Gülnabat köp sanly zehinli we ukyply talyplaryň – bäsleşige gatnaşyjylaryň we ýurdumyzyň dürli ýokary mekdepleriniň wekilleriniň arasynda geçen çynlakaý bäsleşikde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldi.

Zehindir ukybyny, taryh, edebiýat, sungat, iňlis dili boýunça çuňňur bilimini üstünlikli ýüze çykarmak bilen, Gülnabat Saparowa artykmaçlyk gazandy.

Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talybyna arzyly ýeňşe ýetmäge onuň şahsy üstünlikleri, okuwda ýeten derejesi, bilime bolan ymtylyşy, ylym bilen gyzyklanmasy, zähmetsöýerligi we elbetde, institutyň mugallymlarynyň hem halypalarynyň goldawy-da ýardam etdi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi we bäsleşigiň netijelerini jemlemek dabarasy boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde gurady.