Ï «Daşkent» dynç alyş seýilgähi ýaşajyk aşgabatlylary myhmansöýerlik bilen garşylady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daşkent» dynç alyş seýilgähi ýaşajyk aşgabatlylary myhmansöýerlik bilen garşylady

view-icon 3025
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi ýaşajyk aşgabatlylary myhmansöýerlik bilen garşylady
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Dürli reňkli şarlar bilen baý bezelen «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzyň ýaşajyk ýaşaýjylary üçin köpçülikleýin çäre geçirildi. Çäräniň guramaçysy bolan Bagtyýarlyk etrap häkimligi çagalar üçin ýatdan çykmajak baýramy guramak üçin köp işler edipdir.

Seýilgähiň ýodalarynda Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary deň-duş oglan-gyzlaryň bagtly çagalygy hakynda gürrüň berýän işlerini görkezdiler. Onuň ýanynda türkmen halk ertekileri we häzirki zaman ýazyjylarynyň çagalar edebiýatyny özünde jemleýän kitaplarynyň sergisi hem guraldy. Seýilgähde meşhur sirk masgarabazlary Pena Myratdurdyýew we Ezber Ataberdiýew «gamçy» atly degişmeli çykyşlaryny, ak lybasly ýaş sirk artistleri bolsa öz ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri bolsa ertekilerden parçalar bilen çykyş etdiler.

Bezemen we bagtyýar, çagalar «Daşkent» seýilgähini gülküdir şatlykdan doldurdylar. Kiçi ýaşly çagalar hiňňildiklerde uçdular, ulurak çagalar bolsa doňdurmadan lezzet aldylar. Çagalar sirk we teatr artistleri bilen surata düşdüler.

Baýramçylygyň dowamynda açyk meýdanda geçirilen konsert hem gyzykly boldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada aýdym-saz bölüminiň talyplary we 4-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary taýýarlapdyrlar.

Wokalçy mekdep okuwçylary konserti Watan, parahatçylykda ýaşamak we beden hem-de intellektual ösüşleri barada alada edilmek bagtyna eýe bolan türkmen raýatlarynyň ýaş nesli hakyndaky aýdym bilen açdylar.

Konserwatoriýanyň estrada aýdymçylary çagalar üçin filmlerden we multfilmlerden çaga aýdymlaryny taýýarlapdyrlar. Bu ýere ýygnananlaryň hemmesi konsertden uly lezzet aldylar.