Ï Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 540
Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda ýurduň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.

«Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy» atly täze okuw gollanmasynda ter miweleriň, gök-önümleriň we däneli ekinleriň barlaghana işlerini, tehniki-himiki barlaglary geçirmegiň usullary, şeýle hem azyk senagatynyň kärhanalarynda önümiň hiline gözegçilik etmekde ulanylýan häzirki zaman abzallary we serişdeleri, şeýle enjamlaryň işleýiş aýratynlyklary, önümiň hili barlanylanda ulanylýan hasaplar hem-de tejribe işlerini geçirmegiň usulyýeti beýan edilýär. 

Kitap okuwyň oba hojalyk ekinleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça esasy maksatlaryny amala aşyrmaga köp babatda ýardam eder. Şol maksatlar geljekki hünärmenlere barlaghana işlerini geçirmegi we şol işleriň kömegi bilen oba hojalyk ekinleriniň hilini kesgitlemegi, tehniki-himiki barlaglarda himiki, fiziki we fiziko-himiki usullary ulanmagy öwretmekden, şeýle hem bu ulgamda ylmy-barlag işleri geçirmekden hem-de iş başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna niýetlenilen okuw kitaby oba hojalyk pudagynda işleýän hünärmenlere hem peýdaly bolup biler.

«Pagta önümleriniň hilni barlamak» atly ýene-de bir täze okuw kitaby ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynda ulanylýan esasy ýörelgelere we usullara, şeýle hem pagtany gaýtadan işlemegiň nazaryýet esaslaryna, şeýle hem önümiň hilini ýokarlandyrmagyň usullaryna hem-de ony dünýä bazaryna çykarmak boýunça çärelere bagyşlanandyr.

Täze neşire girizilen işler ilkinji nobatdaky wezipeler we oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdeplerde pagta önümleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça okuwyň maksatlary göz öňüne tutulyp taýýarlanypdyr.

Kitap, esasan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň pagtany ilkinji gezek gaýtadan işlemek, dokma önümçiligi we tebigy süýümleri egirmek hünäri boýunça ýöriteleşýän talyplaryna niýetlenendir. Şeýle hem täze gollanma mugallymlara we oba hojalygynyň hünärmenlerine işlerinde kömek eder.