Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 6179

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda, № 4, 116-njy madda):

9-njy maddanyň 6-njy bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

11-nji maddanyň 7-nji bendinde «mahalynda» diýen sözden soň «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp» diýen sözleri goşmaly.

2. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda, № 4, 115-nji we 118-nji maddalar):

172-nji maddada:

birinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Ýaşlar kärhanalary üçin, salgydyň bellenen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda — 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.»;

dördünji bölege şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Şunda ýaşlar kärhanalary üçin, salgydyň bellenen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda — 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.»;

192-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Şunda işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda — 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.»;

200-nji maddanyň ýedinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Şunda işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda — 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.»;

203-nji we 212-nji maddalaryň ikinji tesimlerinde «şäheri» diýen sözi «we Arkadag şäherleri» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2008-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 134-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 8-nji madda):

12-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «hünärmençilik hyzmatlarynyň» diýen sözlerden öň «fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan» diýen sözleri goşmaly;

14-nji maddanyň onunjy böleginde «welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige alyş edarasyna we» diýen sözleri aýyrmaly;

22-nji maddanyň birinji böleginiň 35-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«35) hukuk işi;».

4. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 58-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 2, 84-nji madda; 2015 ý., № 1, 27-nji madda; 2016 ý., № 1, 70-nji madda):

4-nji maddanyň ikinji böleginde, 6-njy maddanyň mazmunynda, 7-nji maddanyň 5-nji bendinde, 8-nji maddanyň ikinji böleginde, 9-njy maddanyň 3-nji bendinde, 10-njy maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, üçünji böleginiň 2-nji bendinde, 12-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde we ikinji böleginde «we Aşgabat şäheriniň», «we Aşgabat şäherindäki», «we Aşgabat şäherinde» we «we Aşgabat şäherini» diýen sözleri degişlilikde «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň», «, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki», «, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» we «, Aşgabat we Arkadag şäherlerini» diýen sözlere çalşyrmaly;

213-nji maddanyň üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

5. 2011-nji ýylyň 25-nji martyndaky «Karz edaralary we bank işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 12-nji madda; 2015 ý., № 3, 106-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) 1-nji maddasynyň 6-njy bendinde «bank däl karz edarasy» diýen sözlerden soň «, şol sanda maýa goýum kompaniýasy» diýen sözleri goşmaly.

6. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Daşary ykdysady iş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 103-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda):

15-nji maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

22-nji maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistandaky daşary ykdysady işiň subýektleri şu aşakdakylar bolup bilerler:»;

soňky tesimi aýyrmaly;

ikinji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

7. 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 57-nji madda; 2017 ý., № 3, 95-nji madda, № 4, 169-njy madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda):

9-njy maddanyň 4-nji bendiniň we 10-njy maddanyň 10-njy bendiniň «d» kiçi bentlerinde «Kadalaryny» diýen sözi «Düzgünlerini» diýen söze çalşyrmaly;

23-nji maddanyň üçünji böleginde «şäheriň» diýen sözi «we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 33-nji madda):

11-nji maddanyň 19-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«19) bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar hem-de tälimçileriň, sport eminleriniň we bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň hünär synagyny geçirýär;»;

46-njy maddada:

dördünji bölekde «talaplar» diýen sözden soň «, şeýle hem olary dakmagyň we bermegiň tertibi we şertleri» diýen sözleri goşmaly;

bäşinji bölegi aýyrmaly.

9. 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 11-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda):

1) 12-nji maddanyň ikinji we dördünji böleklerini degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Işleri özlerine ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň ýokary howpy bilen bagly işgärler hökmany öňüni alyş sanjymlarynyň edilmegine degişlidirler.»;

«4. Ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň ýokary howpy bilen bagly bolan we hökmany öňüni alyş sanjymlarynyň edilmegini talap edýän işleriň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.»;

2) 23-nji maddanyň dördünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

3) 24-nji maddanyň üçünji böleginde «we guramalary» diýen sözleri aýyrmaly;

4) 25-nji maddanyň bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletiniň çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramak howpy dörän halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda şol howp dörän daşary ýurt döwleti bilen Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden gatnaw wagtlaýyn çäklendirilip ýa-da ýatyrylyp bilner we bu barada degişli döwletiň häkimiýetine habar berilýär.»;

5) 26-njy maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletiniň çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriň epidemiýalary ýüze çykan halatynda, ygtyýarly edaranyň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň bütin çäginde karantin girizilýär we ýatyrylýar.

Türkmenistanyň degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýokanç keselleriň epidemiýalary we adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi ýüze çykan halatynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, şol dolandyryş-çäk birliklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan karantin girizilýär we ýatyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.