Ï Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 7804

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 6-njy madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1-nji maddanyň mazmunynda, 162-nji maddanyň ikinji böleginde we 177-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «we welaýat hukukly» diýen sözleri degişlilikde «kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» we «kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

24-nji maddada:

birinji bölekde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.;

ikinji bölegiň 4-nji bendinde «we Aşgabat şäherinde» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 142-nji madda; 2022 ý., № 2, 25-nji madda, № 4, 119-njy madda):

1) 8-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «(Aşgabat şäheriniň)» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 11-nji maddanyň birinji böleginiň dördünji we ýigrimi ikinji tesimlerinde, 47-nji maddanyň birinji böleginde we 108-nji maddanyň altynjy tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 12-nji maddada:

adynda we birinji bölegiň birinji, bäşinji we altynjy tesimlerinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «Welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimlikleri Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine degişli şäheriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 13-nji maddanyň dokuzynjy we on üçünji tesimlerinde «Aşgabat şäher häkimligine» we «Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri degişlilikde «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimliklerine» we «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 15-nji maddada:

birinji bölegiň üçünji tesiminde «Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky topary» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 16-njy maddanyň ýedinji böleginde we 43-nji maddanyň ikinji böleginde «Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 91-nji maddanyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda; 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2011 ý., № 3, 56-njy madda; 2012 ý., № 1, 43-nji madda, № 4, 110-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda, № 2, 78-nji madda; 2016 ý., № 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 33-nji madda; 2019 ý., № 1, 8-nji madda, № 4, 89-njy madda; 2020 ý., № 3, 35-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 112-nji madda):

6-njy maddanyň 18-nji, 42-nji we 44-nji bentlerinde, 52-nji maddanyň üçünji böleginde, 60-njy maddanyň ikinji böleginde, 61-nji maddada, 67-nji maddanyň ikinji böleginde, 154-nji maddanyň bäşinji böleginde, 158-nji maddanyň ikinji böleginde, 230-njy maddanyň dördünji böleginiň 1-nji bendinde we bäşinji böleginde, 349-njy maddanyň ikinji böleginde, 436-njy maddanyň üçünji böleginde, 437-nji maddanyň 1-nji we 2-nji bentlerinde, 447-nji maddanyň birinji böleginde, 485-nji maddanyň ikinji böleginiň soňky tesiminde we üçünji böleginde, 489-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde we ikinji böleginde, 490-njy maddanyň birinji, ikinji we ýedinji böleklerinde, 494-nji maddanyň birinji böleginde, 502-nji maddanyň birinji, ikinji, üçünji we bäşinji böleklerinde, 503-nji maddanyň birinji böleginde, 555-nji maddanyň dördünji böleginde we 561-nji maddanyň ikinji böleginde «we welaýat hukukly», «welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly», «welaýat, welaýat hukukly», «Welaýat, welaýat hukukly», «welaýat prokuroryna, welaýat hukukly», «welaýat prokurory, welaýat hukukly», «welaýatyň, welaýat hukukly», «welaýat prokurory ýa-da welaýat hukukly» diýen sözleri degişlilikde «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýat prokuroryna, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýat prokurory, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «welaýat prokurory ýa-da welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 93-nji we 94-nji maddalarynyň birinji böleklerinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

5. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 3-nji madda; 2015 ý., № 4, 128-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 30-njy madda, № 3, 74-nji madda) 7-nji maddasynyň 1-nji bendiniň birinji tesiminde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 147-nji madda; 2022 ý., № 2, 26-njy madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

440-njy maddanyň ikinji böleginde, 448-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji we 4-nji bentlerinde, 450-nji maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde, 453-nji maddanyň ikinji böleginde, 454-nji maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde, 4601-nji maddanyň ikinji böleginde, 464-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 475-nji maddanyň ikinji böleginde, 476-njy, 477-nji, 478-nji, 479-njy we 480-nji maddalaryň ikinji böleklerinde, 482-nji maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde, 484-nji we 485-nji maddalaryň ikinji böleklerinde, 562-nji maddanyň birinji we üçünji böleklerinde, 563-nji maddanyň birinji böleginde, 5761-nji maddanyň ikinji böleginde «we welaýat hukukly», «, welaýat hukukly», «hem-de welaýat hukukly» we «ýa-da welaýat hukukly» diýen sözleri degişlilikde «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «hem-de welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli», «ýa-da welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

7. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Býujet kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 1, 34-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 82-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1) 6-njy maddanyň 2-nji bendiniň «a» kiçi bendinde, 35-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde we ikinji böleginde, 36-njy maddanyň 1-nji bendinde, 37-nji maddanyň birinji böleginde, 38-nji maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde, 67-nji maddanyň 2-nji bendinde, 69-njy maddanyň birinji böleginde, 78-nji maddanyň bäşinji böleginiň üçünji tesiminde, 93-nji we 94-nji maddalarynda, 1131-nji maddanyň birinji böleginde «şäheriniň» diýen sözi «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 8-nji maddanyň üçünji böleginde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 11-nji maddanyň ikinji böleginde:

birinji tesimde «şäheriniň» diýen sözi «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň girdejileri meýilnama döwri üçin degişlilikde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleri hakynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň çözgüdine laýyklykda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň we şäherdäki etraplaryň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.»;

4) 22-nji maddada:

ikinji bölegiň 4-nji bendinde «şäheriniň» diýen sözi «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölegiň birinji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 31-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendiniň «a» kiçi bendinde «Aşgabat şäheriniň býujetiniň» we «Aşgabat şäheriniň býujet» diýen sözleri degişlilikde «Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň» we «Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujet» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 40-njy maddanyň ýedinji böleginiň ikinji we üçünji tesimlerinde «Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň», «Aşgabat şäheriniň býujetinden» we «Aşgabat şäheriniň häkiminiň» diýen sözleri degişlilikde «Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň», «Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetlerinden», «Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 51-nji maddada «şäher» we «şäheriniň» diýen sözleri degişlilikde «we Arkadag şäher» we «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 54-nji maddada:

birinji bölekde «Welaýatyň, Aşgabat şäheriniň», «(Aşgabat şäheriniň)» we «şäher» diýen sözleri degişlilikde «Welaýatyň (Aşgabat we Arkadag şäherleriniň)», «(Aşgabat we Arkadag şäherleriniň)» we «we Arkadag şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

ýedinji bölekde «şäher» we «şäheriniň» diýen sözleri degişlilikde «we Arkadag şäher» we «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 99-njy maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» we «ýa-da Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri degişlilikde «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» we «ýa-da Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 113-nji maddada:

birinji bölekde «Welaýatyň, Aşgabat şäheriniň» we «welaýatyň, Aşgabat şäheriniň býujetiniň» diýen sözleri degişlilikde «Welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» we «welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «şäheriniň» diýen sözi «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 2, 27-nji madda, № 3, 73-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 4-nji maddasynyň 1-nji we 18-nji bentlerinde, 27-nji maddasynyň dördünji we bäşinji böleklerinde, 36-njy maddasynda, 346-njy maddasynyň birinji böleginde, 377-nji maddasynyň mazmunynda, 385-nji maddasynyň ikinji böleginiň ikinji tesiminde, 387-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde, 389-njy maddasynyň birinji böleginde, 390-njy maddasynyň mazmunynda, 393-nji maddasynyň üçünji böleginde, 397-nji maddasynyň ikinji böleginiň birinji tesiminde, üçünji böleginiň üçünji tesiminde we altynjy böleginde «we welaýat hukukly» we «ýa-da welaýat hukukly» diýen sözleri degişlilikde «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» we «ýa-da welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

9. 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 77-nji madda) 3-nji maddasynyň 7-nji bendinde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

10. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 35-nji madda; 2000 ý., № 2, 17-nji madda; 2011 ý., № 1, 16-njy madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 12-nji maddasynyň dördünji tesiminde, 21-nji maddasynyň üçünji we dördünji tesimlerinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

11. 1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Býujet sistemasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 2-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

6-njy maddanyň dördünji böleginde, 7-nji maddanyň ikinji böleginde, 12-nji maddanyň ikinji, üçünji we bäşinji böleklerinde, 13-nji maddanyň dördünji böleginiň altynjy we ýedinji tesimlerinde we altynjy böleginde, 14-nji maddanyň ýedinji böleginde we 15-nji maddanyň üçünji böleginde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8-nji maddanyň on ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«- Arkadag şäheriniň býujetinden etraplaryň býujetleri üçin Arkadag şäheriniň häkimi tarapyndan;».

12. 2001-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň Düzgünnamasynyň (2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 69-njy madda) 5-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

13. 2001-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky «Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 92-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 2, 32-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda) 14-nji we 30-njy maddalarynyň üçünji böleklerinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

14. 2004-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 2, 32-nji madda) 5-nji maddasynyň dördünji böleginiň birinji tesiminde we 3-nji bendinde, 6-njy maddasynyň üçünji böleginde «we welaýat hukukly» we «welaýat hukukly we» diýen sözleri degişlilikde «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» we «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli hem-de» diýen sözlere çalşyrmaly.

15. 2007-nji ýylyň 17-nji martyndaky «Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 2-nji maddasynyň üçünji tesiminde «Aşgabat şäher» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly.

16. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 55-nji madda; 2016 ý., № 1, 16-njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 32-nji madda) 15-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «şäheriniň» diýen sözi «we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

17. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 139-njy madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 39-njy madda, № 4, 91-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

2-nji maddanyň birinji böleginde, 12-nji maddanyň ikinji böleginde, 14-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde we 17-nji maddanyň mazmunynda, «, welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

16-njy maddanyň birinji böleginde, 19-njy maddada, 21-nji maddanyň birinji böleginde, 22-nji maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde, 23-nji maddada, 25-nji maddanyň birinji we dördünji böleklerinde, 42-nji maddanyň mazmunynda, 59-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde, ikinji böleginiň birinji tesiminde we 1-nji bendinde, 62-nji maddanyň ikinji böleginde we 63-nji maddanyň birinji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

57-nji maddanyň üçünji we bäşinji böleklerinde «we welaýat hukukly» we «, we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

18. 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda, № 4, 132-nji madda; 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 11-nji maddasynyň birinji böleginde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly.

19. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabryndaky «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 79-njy madda; 2013 ý., № 2, 46-njy madda; 2016 ý., № 3, 121-nji madda; 2018 ý., № 2, 58-nji madda, № 4, 101-nji madda; 2019 ý., № 4, 79-njy we 97-nji maddalar; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 87-nji madda) 3-nji maddasynyň birinji we dördünji böleklerinde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

20. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 82-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 31-nji madda, № 3, 76-njy madda) 3-nji maddasynyň birinji böleginde we 4-nji maddasynyň üçünji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

21. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 16-njy madda; 2017 ý., № 3, 113-nji madda; 2019 ý., № 4, 74-nji madda; 2021 ý., № 1, 20-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 22-nji maddasynyň 4-nji bendinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

22. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 31-nji madda; 2013 ý., № 2, 44-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 1, 13-nji madda, № 4, 73-nji madda; 2020 ý., № 3, 51-nji madda) 17-nji maddasynyň bäşinji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

23. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 15-nji madda; 2014 ý., № 2, 85-nji madda; 2015 ý., № 2, 74-nji madda; 2017 ý., № 1, 41-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 2-nji maddasynyň birinji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

24. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 58-nji madda; 2011 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 1, 44-nji madda, № 4, 113-nji madda; 2014 ý., № 2, 80-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2015 ý., № 2, 64-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda, № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 36-njy madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; 2022 ý., № 4, 113-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 21-nji maddasynyň birinji böleginde, 23-nji maddasynyň bäşinji böleginiň birinji we ikinji tesimlerinde, 24-nji maddasynda we 25-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

25. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 41-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

10-njy maddanyň birinji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

11-nji maddanyň üçünji böleginde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

16-njy maddanyň birinji böleginiň 16-njy bendinde «Aşgabat şäherinde» diýen sözleri «Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

34-nji maddanyň bir belgili altynjy böleginde «we welaýatlaryň» diýen sözleri «, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

26. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 62-nji madda) 18-nji maddasynyň üçünji böleginde we 19-njy maddasynyň dördünji böleginiň 6-njy bendinde «we Aşgabat şäherinden» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden» diýen sözlere çalşyrmaly.

27. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 75-nji madda; 2015 ý., № 2, 73-nji madda; 2017 ý., № 1, 40-njy madda, № 4, 150-nji madda; 2018 ý., № 4, 113-nji madda; 2020 ý., № 4, 89-njy madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1-nji maddanyň mazmunynda «welaýat hukukly şäherde» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde» diýen sözlere çalşyrmaly;

12-nji maddanyň ikinji böleginde «Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «Welaýat» diýen söze çalşyrmaly.

28. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 5-nji madda; 2014 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 4, 91-nji madda) 3-nji we 12-nji maddalarynyň birinji bölekleriniň 1-nji bentlerinde, 13-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 22-nji maddasynyň ikinji böleginde degişlilikde «we welaýat hukukly» we «hem-de welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

29. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; № 3, 41-nji madda):

9-njy maddanyň birinji böleginde we 11-nji maddanyň ikinji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

18-nji maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendinde «Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

30. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 36-njy madda, № 4, 116-njy madda; 2014 ý., № 2, 81-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda) 12-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «ýa-da döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

31. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 37-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda, № 3, 114-nji madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda) 5-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde «welaýat hukukly şäheriň» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly.

32. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 39-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda) 11-nji maddasynyň üçünji böleginiň birinji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

33. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., №1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 55-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

12-nji maddanyň üçünji böleginiň on birinji tesiminde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

42-nji maddanyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

34. 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 5-nji madda; 2019 ý., № 2, 33-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 135-nji madda; 2022 ý., № 3, 80-nji madda) 10-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) döwlet ähmiýetli şäheri welaýatlaryň edara ediş merkezleri hem-de Türkmenistanyň paýtagty bilen;».

35. 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 73-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda) 5-nji maddasynyň dördünji tesiminde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

36. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Harby ýagdaý hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 86-njy madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 20-nji maddasynyň birinji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

37. 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 70-nji madda; 2017 ý., № 1, 15-nji madda; 2020 ý., № 3, 39-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) 9-njy maddasynyň bäşinji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

38. 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 73-nji madda; 2016 ý., № 1, 69-njy madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda):

9-njy maddanyň ikinji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

13-nji maddada:

3-nji bentde «welaýat hukukly şäher» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherler» diýen sözlere çalşyrmaly;

6-njy bentde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

39. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 101-nji madda) 6-njy maddasynyň ikinji böleginde «Aşgabat şäherinde» diýen sözleri «Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly.

40. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 102-nji madda; 2018 ý., № 4, 92-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; 2022 ý., № 2, 20-nji madda; № 3, 75-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 7-nji maddasynyň ikinji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

41. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 104-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda) 12-nji maddasynyň 4-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

42. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 109-njy madda) 5-nji bendiniň birinji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

43. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 136-njy madda; 2015 ý., № 3, 103-nji madda; 2016 ý., № 1, 60-njy madda; 2017 ý., № 4, 144-nji madda; 2020 ý., № 1, 8-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 150-nji madda):

2-nji maddanyň mazmunynda, 8-nji maddanyň ikinji böleginde, 9-njy maddanyň mazmunynda, 17-nji maddanyň bäşinji böleginde, 119-njy maddanyň dokuzynjy böleginde, onunjy böleginiň birinji tesiminde we on dördünji böleginde «we welaýat hukukly» diýen sözleri degişlilikde «kazyýetlerindäki, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» we «kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

23-nji maddanyň adynda we birinji böleginiň birinji tesiminde «we welaýat hukukly» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly.

44. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 137-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda, № 3, 110-njy madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 14-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

45. 2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 159-njy madda; 2015 ý., № 2, 70-nji madda; 2016 ý., № 1, 15-nji madda, № 2, 99-njy madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 50-nji maddalar) 1-nji maddasynyň 2-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

46. 2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 21-nji madda; 2017 ý., № 3, 115-nji madda) 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

47. 2015-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 46-njy madda) 5-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

48. 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 61-nji madda; 2018 ý., № 4, 113-nji madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1-nji maddanyň on birinji we on ikinji böleklerinde «Aşgabat» diýen sözden soň «we Arkadag» diýen sözleri goşmaly;

4-nji maddanyň adynda we 1-nji tesiminde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8-nji maddanyň üçünji böleginde we 9-njy maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

49. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 97-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; 2023 ý., № 1, 7-nji madda) 9-njy maddasynyň 5-nji bendiniň «d» kiçi bendinde, 11-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde, 19-njy maddasynyň ikinji böleginde we 24-nji maddasynyň bäşinji böleginiň 1-nji bendinde «şäherini», «şäheriniň» we «şäheri» diýen sözleri degişlilikde «we Arkadag şäherlerini», «we Arkadag şäherleriniň» we «we Arkadag şäherleri» diýen sözlere çalşyrmaly.

50. 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 48-nji madda; 2017 ý., № 3, 108-nji madda; 2019 ý., № 4, 71-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 18-nji maddanyň ikinji böleginde, 20-nji maddanyň birinji tesiminde, 1-nji we 7-nji bentlerinde we 21-nji maddanyň üçünji böleginde «we Aşgabat şäheriniň», «we Aşgabat şäher» we «we Aşgabat şäherinde» diýen sözleri degişlilikde «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» we «, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly.

51. 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 8-nji madda; 2018 ý., № 4, 96-njy madda) 6-njy maddasynyň 2-nji bendiniň «f» kiçi bendinde, 8-nji maddasynyň ikinji böleginde we 11-nji maddasynyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde degişlilikde «we Aşgabat şäheriniň» we «, Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

52. 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 26-njy madda) 6-njy maddasynyň dördünji böleginde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

53. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 128-nji madda) 6-njy maddasynyň ikinji böleginde we 27-nji maddasynyň dördünji böleginde «we Aşgabat şäherinde» we «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri degişlilikde «, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde» we «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

54. 2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 8-nji madda) 5-nji bendinde «we Aşgabat şäheriniň» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

55. 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 127-nji madda) 15-nji maddasynyň üçünji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

56. 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 129-njy madda) 10-njy maddasynyň dördünji böleginde «we Aşgabat» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag» diýen sözlere çalşyrmaly.

57. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 72-nji madda) 9-njy maddasynyň ikinji böleginde, 27-nji maddasynyň birinji we bäşinji böleklerinde «we Aşgabat şäher häkimligi» diýen sözleri «, Aşgabat we Arkadag şäher häkimlikleri» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 7-nji we 11-nji bentleri degişli däldir.

III. Şu Kanunyň I böleginiň 7-nji we 11-nji bentleri 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.