Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 19947

I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 30-njy madda, № 3, 74-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 23-nji we 25-nji bentlerinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

2) 24-nji maddanyň ikinji böleginde «nika bozulandygy» diýen sözleri «nikanyň bozulandygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 11-nji babyň adynda, 66-njy maddanyň adynda we ikinji böleginde, üçünji böleginiň birinji tesiminde «Çaganyň dogluşyny» diýen sözleri «Dogluşy» diýen söze çalşyrmaly;

4) 67-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«67-nji madda. Dogluş hakynda nama ýazgysy

Dogluş döwlet tarapyndan bellige alnanda çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady, onuň ata-enesi hakynda maglumatlar şu Kodeksiň 

68 — 70-nji, 73-nji, 82-nji maddalaryna laýyklykda dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär.»;

5) 104-nji maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde we bäşinji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

6) 185-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«185-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we 

Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda geçirilýär.»;

7) 186-njy maddanyň ýedinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«7. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy düzülende, gaýtadan şahadatnama we beýleki resminamalar berlende zerur bolan resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.