Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 22086

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýyndaky «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 43-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 24-nji maddanyň sekizinji böleginde:

1-nji bentde «şäherinde we» diýen sözleri «we Arkadag şäherlerinde hem-de» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji bentde «şäherinde,» diýen sözi «we Arkadag şäherlerinde,» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 35-nji maddanyň 15-nji bendinde «işiniň» diýen sözden soň «garamagyndaky edaralar hem-de» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.