Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 7385

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 

116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda; 2020 ý., № 4, 88-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) giriş bölekde, 1-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

2) 3-nji maddanyň ikinji böleginde «haýsy millete degişlidigine» we «syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine» diýen sözleri degişlilikde «milletine» we «syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 4-nji maddada:

birinji bölegiň soňky tesiminde «Dolandyryş-çäk gurluşyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we şu Kodeksde bellenilen ýagdaýlarda, şeýle hem dolandyryş-çäk bölünişiginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölekde «Merkezi topar» diýen sözleri «merkezi topar» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy bölekde «ýagdaý» diýen sözi «we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 5-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalar ulanylyp bilner, bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.»;

5) 6-njy maddanyň dördünji böleginiň soňky tesiminde «welaýat hukukly şäher saýlaw toparlarynda (mundan beýläk — welaýat saýlaw topary)» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynda (mundan beýläk — welaýat saýlaw topary), ýerli sala salşygynda bolsa — degişli etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 18-nji maddada:

altynjy bölekde «adamyň» diýen sözi «adam» diýen söze çalşyrmaly;

dokuzynjy bölekde «welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň, uçastok saýlaw toparynyň düzümine bolsa,» diýen sözleri aýyrmaly;

7) 19-njy maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde «toparlary» diýen sözi «toparlarynyň ýerine ýetirmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 31-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «işgärleriniň wezipe sanawy» diýen sözleri «gurluşy we işgär sany» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) III babyň adynda «okrug» diýen sözden soň «etrapdaky şäher,» diýen sözleri goşmaly;

10) 32-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.»;

11) 33-nji maddanyň 8-nji bendinde «okrug» diýen sözden soň «, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik» diýen sözleri goşmaly;

12) 34-nji maddanyň 18-nji bendinde «, Geňeşiň» diýen sözi aýyrmaly;

13) 36-njy maddanyň 9-njy bendinde «dalaşgärleri» diýen sözden soň «, ýerli sala salşygynda milli synçylary» diýen sözleri goşmaly;

14) 40-njy maddanyň üçünji böleginde «uçastok saýlaw toparynyň» diýen sözleri «saýlaw uçastogynyň merkeziniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 41-nji maddanyň üçünji böleginde «harby gullukçy saýlawçylaryň» diýen sözleri «harby gullukçy saýlawçylar» diýen sözlere çalşyrmaly;

16) 43-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Uçastok saýlaw toparynyň başlygy raýatlaryň saýlawçylaryň sanawyna girizilýän şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün edýär.»;

17) 48-nji maddada:

ikinji bölekde «karar» diýen sözden soň «gurultaýlaryň,» diýen sözi goşmaly;

altynjy bölekde «düzümine girýän» diýen sözlerden soň «bolsa, bellige alnan pursadyndan başlap onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar» diýen sözleri goşmaly;

18) 61-nji maddanyň üçünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Maglumatlarda dalaşgäri hödürlän syýasy partiýa, raýatlar topary görkezilmelidir.»;

19) 66-njy maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde syýasy partiýalara, dalaşgärlere, teklipçi toparlara saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary berýärler, bu çäreler geçirilýän wagtynda howpsuzlygy üpjün edýärler.»;

20) 70-nji maddanyň bäşinji böleginde «saýlaw uçastogynyň» diýen sözleri «uçastok saýlaw toparynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

21) 72-nji maddada:

ikinji bölekde «synçylardan,» diýen sözden soň «dalaşgärlerden,» diýen sözi goşmaly;

bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty arkaly halk köpçüligine görkezilip bilner.»;

22) 76-njy maddanyň dördünji böleginde «sala salşygynyň» diýen sözlerden soň «jemini jemleýär we» diýen sözleri goşmaly;

23) 82-nji maddanyň mazmunynda «ygtyýarlylyklaryny» diýen sözi «ygtyýarlyklaryny» diýen söze çalşyrmaly;

24) XV bölümiň adynda, 87-nji maddanyň adynda, birinji we ikinji böleklerinde «gurluşyň» diýen sözi «bölünişiginiň» diýen söze çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.