Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 8732

I. 1999-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 55-nji madda; 2009 ý., 

№ 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda; 2015 ý., № 1, 30-njy madda, № 2, 66-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda) 23-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «6 aýdan ýokary geçmeli däldir» diýen sözleri «1 ýyla deň bolup, emitent bu möhleti bir gezek şol döwre uzaltmaga haklydyr» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.