Ï Halkymyzyň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

view-icon 5897

«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady.

Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. 

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we olary durmuşa geçirmek giň gerimde dowam etdirilýär, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol lukmançylyk merkezleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýär. 

Ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek, ilatyň derman bilen üpjünçiliginiň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen topragynyň melhemlik ösümlikleriniň esasynda ýerli çig maldan dürli derman serişdelerini öndürýän täze kärhanalar işe girizilýär. 

Keseli bejermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, raýatlara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hödürlenilmegi, ilkinji nobatda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleri Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň esasy lukmançylyk merkezlerine okuwa yzygiderli ugradylýar. 

Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgam barha işjeň ornaşdyrylýar, maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamy ulanylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge mümkinçilik berýär. 

“Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Kanunyň esasynda geçen ýylyň ahyrynda döredilen Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi hem dünýä standartlaryna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu iri guramanyň howandarlygynda geçirilen halkara ylmy maslahatyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan çäreleriň esasylarynyň biriniň bolandygy bellärliklidir. 

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherine kanunçylyk esasynda “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. “Geljegiň şäheri” diýlip ykrar edilen bu şäher jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly lukmançylygy üstünlikli ornaşdyrmak babatda edilýän uly tagallalaryň görkezijisine öwrüldi. Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara “KTQ International GmbH” kompaniýasynyň hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň güwänamalarynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belentliklere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlaryň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

Milletiň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuş taýdan abadançylygynyň, bagtyýar geljeginiň hem möhüm şertidir. Giň gerimli öňüni alyş işleriniň hem-de keselleri irki döwürde anyklamagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň arasynda kesellemegiň derejesini peseltmäge, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. 

Tebigy bejeriş şertlerini ulanmak arkaly öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek, hususan-da, näsaglaryň kesellerini bejermäge hem-de olaryň saglygyny dikeltmäge mümkinçilik berýän şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmek bu ugurda amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegi bolup durýar. 

“Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr”. Konstitusiýada berkidilen hut şu taglymat şypahana-dynç alyş ulgamynda milli syýasatyň esasy bolup hyzmat edýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi raýatlaryň dynç alşynyň, olaryň saglygyny bejermegiň netijeli ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. 

Ýurdumyzyň amatly howa ýagdaýlary, dürli tebigy landşaftlar, dürli keselleri bejermäge ýardam edýän, düzümi boýunça seýrek duş gelýän mineral suwlary we melhemlik palçyklary şypahana ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmäge ýardam edýär. Köpçülikleýin şypahana-bejeriş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap sagaldyş düzüminiň döredilmegi hem-de meşhur şypahanalarymyzyň täze binalarynyň gurulmagy döwrüň gaýragoýulmasyz umumymilli wezipeleriniň hatarynda durýar. 

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ähli welaýatlarda sagaldyş we syýahatçylyk ugurly täze desgalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär. 

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde kesgitleýji ähmiýete eýe bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda tutuş ýylyň dowamynda ilata bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýän şypahana-dynç alyş edaralarynyň uly toplumy döredildi. Olarda ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, dynç almak we bejeriş üçin döredilen amatly şertler adamlara saglygyny dikeltmäge, ýadawlygyny aýyrmaga ýardam edýär, ruhubelentlik we güýç-kuwwat berýär. 

Häzir dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Ahal welaýatyndaky “Arçman”, “Ýyly suw” we “Bagabat”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara” we “Awaza”, demirgazyk sebitdäki “Daşoguz”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatyndaky “Baýramaly” we Aşgabat şäherindäki “Berzeňňi” şypahanalary köp sanly myhmanlary kabul edýärler. Ýurdumyzyň düýpli durky täzelenen şypahanalary enjamlar bilen üpjün edilişi hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýäniň meşhur şypahanalaryndan pes däldir. 

Bu şypahanalarda dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin kitaphanalar, internet kafeler, restoranlar we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, olar üçin ýakyndaky gözel künjeklere gezelençler guralýar. Adaty bejergi bilen bir hatarda, bu şypahanalarda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitobejergi usulyna aýratyn üns berilýär. Olarda hereket edýän fitobarlarda Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasyndan we “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabyndan alnan maglumatlaryň esasynda taýýarlanylan dürli dermanlyk çaýlar, kokteýller hödürlenilýär. 

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly meşhur kitabynda Diýarymyzyň halkara ölçegdäki şypahanalar ýurdy hökmündäki ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri açylyp görkezilýär. Bu kitapda mineral suwlaryň, palçyklaryň, howanyň, şypahana bejergisiniň dürli usullarynyň adam bedenine ýetirýän täsiri barada gürrüň berilýär. Ýurdumyzyň şypahanalary, sebitleriň tebigy, gözel künjekleri, ýüzýyllyklaryň dowamynda halk lukmançylygynda üstünlikli ulanylyp gelýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar getirilýär. Bu düýpli ylmy eserde bellenilişi ýaly, türkmen topragynda üsti açylmagyna we ylmy-barlaglar geçirilmegine garaşýan bejeriş häsiýetli künjekler köpdür we gürrüňsiz, bu baýlyklar ýakyn wagtda halkymyzyň hyzmatynda goýlar. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem innowasion şypahana düzümleri işjeň kemala getirilýär. Hazar deňziniň ägirt uly şypahana-dynç alyş kuwwatyny halkymyzyň hyzmatynda goýmak bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksadydyr. Bu ýerde dynç almak bilen bir hatarda, lukmançylygyň soňky gazananlaryna esaslanýan bejergi hyzmatlaryny almak hem mümkindir. 

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýokary derejeli şypahanalar, bejeriş bölümi bolan myhmanhanalar, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri, kottejler, sport toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Innowasiýalardan, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütlerden ugur alnyp, türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň halkara syýahatçylyk we şypahana merkezi bolmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär. 

Şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi we talabalaýyk işledilmegi köp mukdarda maliýe serişdelerini talap edýär. Döwletimiz bu maksatlara yzygiderli esasda serişde gönükdirýär. Munuň özi ykdysady we durmuş nukdaýnazaryndan halkyň saglygyna, ýagny ýurdumyzyň adam maýasyna gönükdirilýän maýa goýumdyr. 

Türkmenistanyň şypahana ulgamynyň işiniň ähli ýaşdaky adamlaryň —   çagalaryň, ýaşlaryň, işe ukyply ilatyň, şeýle hem gartaşan adamlaryň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. 

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümini uly höwes bilen geçirýän ýerleridir. Dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan bu döwrebap merkezlerde çagalaryň wagtyny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Olarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, dürli gurnaklar, teatr we çeperçilik studiýalary, kitaphanalar bar. 

Görnüşi ýaly, häzirki günde adamlaryň saglygyny goramak işi döwrebap düzümleri, şol sanda bejeriş-sagaldyş edaralaryny hem-de merkezlerini özünde jemleýän we ekologik wezipeleriň, şol sanda oba-şäherleri bagy-bossanlyga büremek boýunça wezipeleriň çözülmegini, işjeň dynç alyş infrastrukturalaryň ösdürilmegini, şeýle hem ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin mümkinçilikleriňdir şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan toplumlaýyn ulgam bolup durýar. 

Şeýle hem bedenterbiýä we sporta jemgyýetçilik saglygynyň esas goýujy şertleri hökmünde garalýar. Ýurdumyzda giň gerimli öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmäge, halk köpçüligini sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ähli ýerlerde dürli sport desgalary — stadionlar, awtodromlar, tennis meýdançalary, ýüzme howuzlary guruldy we gurulýar. 

Sport bilen meşgullanmak üçin desgalaryň, ýörite ýerleriňdir meýdançalaryň göz öňünde tutulmagy bilim we mekdebe çenli edaralaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynda esasy şertleriň we talaplaryň biridir. Munuň özi ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. 

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy we gymmatly baýlygydyr.