Ï Daşary ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň meşhurlygy artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň meşhurlygy artdyrylýar

view-icon 6062
Daşary ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň meşhurlygy artdyrylýar

Dürli ýurtlardaky ýaş nesliň wekilleri beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylýar. Bu çäreler nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýardamy bilen geçirilýär.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň şygaryna bagyşlanan tanyşdyrylyş duşuşygy geçirildi. Ýapon mekdep okuwçylary üçin geçirilen bu çäre Ýaponiýanyň «Fujisan Chidama» çagalar sammiti bilen bilelikde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Duşuşygyň çäklerinde gatnaşan ýaşlar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy we baý döredijiligi bilen tanyşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagyna, bu ugurda oňyn netije berýän özgertmeler geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler.

Türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini giňden wagyz etmek meseleleri Ýerewanda, Türkmenistanda, Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M. Aýazowyň geçen aýyň ahyrynda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan bilen bolan duşuşygynda-da ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň çäginde ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasy temasy boldy.

Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektorynyň aýtmagyna görä, ýetip gelýän 2023-2024-nji okuw ýylynda akyldar türkmen şahyrynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek üçin, beýik Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan okuwlar toplumy meýilleşdirilýär.

Iki hyzmatdaş uniwersitetleriň hyzmatdaşlyk, şeýle hem mugallymlar we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaklaryny dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetinde leksiýa okamak we sapak geçirmek üçin, Magtymguly adyndaky TDU-dan mugallymlary çagyrmagy teklip etdi.

Dostlukly ýurduň wekilleri Ermenistanyň ylmy žurnallarynda Magtymguly Pyragy barada türkmen halkynyň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan makalalary çap etmek, şeýle hem nusgawy şahyryň döredijiligine bagyşlanan halkara konferensiýasyny geçirmek teklibi bilen çykyş etdiler. Bu bolsa bu ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky jebis hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysaly bolar.

Dowam edýän we meýilleşdirilýän çäreler beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy, döredijiligi elmydama tükeniksiz ylham, ahlak, watançylyk, edermenlik çeşmesi we ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolan Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly we açyk, öndürijilikli we köptaraplaýyn gepleşikleri alyp barýar, gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli we netijeli ösýär. Medeni we ynsanperwer pudak özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryndan biridir, esasy üns bilim, ylym we medeniýet pudagynda döwletara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.