Türkmenistanyň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärler giriş synaglarynyň iň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler.
Häzirki zaman ýaşlary dürli ugurlar boýunça geljegiň hünärlerini özleşdirmäge çalyşýarlar.
Sanly tehnologiýalar, lukmançylyk, ykdysadyýet, ylym we innowasiýa ugurlary dalaşgärleriň arasynda barha köp ileri tutulýan ugurlara öwrülýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan yzygiderli döwlet syýasaty hünärleriň sanynyň köpelmegine we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga goşant goşýar.
Şeýlelik bilen, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçýän şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde 35 sany täze hünär boýunça dalaşgär alynýar.
Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şu ýyl ilkinji gezek talyplary kabul eder.
Akademiýa tarapyndan hödürlenýän ugurlar atçylyk, weterinar lukmançylygy, weterinar we sanitar ekspertizasy, seýisçilik, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit ýaly hünärleri öz içine alýar.
Bu ýokary okuw mekdebi üçin ilkinji giriş synaglary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilýär. Bu ýerde Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň dalaşgärleri üçin-de giriş synaglary geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem paýtagtymyzyň bu ýokary okuw mekdebine ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen oglan-gyzlar üçin giriş synaglary dowam edýär. Şu ýyl bu ýerde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” täze kafedrasynyň açylandygyny ýatladýarys.
ÝUNESKO-nyň ýene bir “Durnukly ösüş üçin ekologik bilim” kafedrasy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda-da açyldy. Täze bilim ýerlikleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegine goşant goşmaga gönükdirilendir.
Maksadaokgunly, bilimli ýaşlar kuwwatly we pajarlap ösýän döwletiň binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, jemgyýetimiziň işjeň bölegi bolan ýaşlar eziz halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň beýik geljegini döredijilerdir. Biz onda türkmen döwletiniň kuwwatyny, abraýyny we ajaýyp geljegini görýäris. Ýaşlarymyzyň ylym, bilim, sport, medeniýet we sungat pudagynda ep-esli üstünlik gazanyp, özüne bildirilýän ýokary ynamy ödeýändigine guwanýarys.