Ï Türkmenistanyň höwesjeň ýaşlary «Parahatlygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň höwesjeň ýaşlary «Parahatlygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 6712

«Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen täze okuw ýylynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsümi başlanýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we okuw jaýynyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi 9, 10 we 11-nji synp okuwçylaryny, şeýle hem talyp ýaşlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylaryna şahsy maglumatlaryny 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Talyplar üçin saýlama tapgyry sentýabryň birinji ongünlüginde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň web-saýtynda has jikme-jik tanşyp bilersiňiz.

Saýlaw tapgyrynda dalaşgärler ýarysy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan 100 synag soragyna jogap bermeli bolarlar. Mundan başga-da, synag soraglary Türkmenistanyň taryhyna, XVII-XVIII asyrlaryň dünýä taryhyna degişli bolar. Iňlis dili boýunça tabşyryklar we IQ (akyl görkezijisini) kesgitleýän soraglar bolar.

Saýlaw synaglaryndan üstünlikli geçen bäsdeşler «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsümine gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu ýyl ol 8 saýlama oýnundan, iki ýarym finaldan we finaldan ybarat bolmak bilen, tapgyrlaýyn geçiriler.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ilkinji oýnunyň mowzugy Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklara bagyşlanýar.