Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy birnäçe şahadatnama mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy birnäçe şahadatnama mynasyp boldy

view-icon 4652

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde bu Akademiýa şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUÝSBURG ESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» şahadatnamasyny Akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasyny gowşurýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň esasy wezipeleriniň biri milli ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmakdan, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Akademiýanyň okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalarynyň we interaktiw usullaryň ulanylmagy sapagy çuňňur özleşdirmäge ýardam edýär.