Ï Magtymguly Pyragy baradaky filmler üçin wideoşekilleri ýygnamak dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragy baradaky filmler üçin wideoşekilleri ýygnamak dowam edýär

view-icon 6429

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek üçin geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we golýazmalary bilen baglanyşykly filmi düşürmek üçin Eýran Yslam Respublikasyna döredijilik saparyna iberilýär.

Döredijilik toparyna «Türkmenfilm» birleşiginiň film önümçiligi boýunça orunbasary, ýaş režissýor, «Ýaşlar» atly gysga çeper we «Dutaryň owazy» atly çeper-publisistik filmlerini döreden Isgerdermuhammet Annamuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Şu ýylyň 17-nji sentýabryndan 24-nji sentýabry aralygynda türkmen kinorežissýorlary Magtymguly Pyragynyň ady we döredijiligi bilen baglanyşykly ýerlerde bolup, surata düşürerler we eýranly türkmenler, alymlar, kitap we golýazmalar ýygyndylarynyň ýolbaşçylary, hünärmenler we şygryýeti söýüjiler bilen gürrüňdeş bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi ýerleşýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, alymlar, mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Eýrandaky türkmen şahyrlarynyň aramgähine zyýarat edýärler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap bu welaýatda medeni we wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Olara Eýranyň resmi adamlary, ýurduň ylmy we edebi düzümleriniň wekilleri hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşýarlar. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalýar, ömri we döredijiligi barada teatr çykyşlary görkezilýär, suratkeşleriň sergileri guralýar.

Bu wakalar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň meşhur bolmagyna, ene diliniň we medeni däp-dessurlarynyň dünýädäki etnik türkmenler tarapyndan goralmagyna goşant goşýar.

Elbetde, beýik şahyryň hatyralanmagy Eýranyň türkmenleriniň arasynda hem nesilden-nesle geçip gelýär.

2021-nji ýylyň maý aýynda şäher häkimliginiň maliýe goldawy bilen gurlan şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi Gülüstan welaýatynyň Gombede-Kowus şäheriniň girelgesinde açyldy. Bu ýerde ylmy maslahat hem geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, goşgularynyň ýygyndysy neşir edildi, onuň goşgulary Gülüstan welaýatyndan alty ýazyjydan ybarat bolan topar tarapyndan pars diline terjime edildi.