Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 90 million 50 müň 274 dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 90 million 50 müň 274 dollaryndan gowrak boldy

view-icon 3103

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň telekeçileri dokma önümleriniň galyndylaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi, ýorgan-düşek toplumlaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 90 million 50 müň 274 dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 171 million 856 müň manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody satyn aldylar.