Ï Türkmen suratkeşleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen suratkeşleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan işleri

view-icon 5103
Türkmen suratkeşleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan işleri
camera-icon
Wladislaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Çeper sergiler müdirligi örän berk talapkärlik bilen saýlamak arkaly, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan suratkeşleriň 200-den gowrak iň gowy işini hödürledi.

Dabaraly açylyş 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçen halkara suratkeşler festiwalyna gatnaşandygy üçin diplomlaryň gowşurylmagyna gabat geldi. Oňa her ýurtdan iki adam, ýagny Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan suratkeşler gatnaşdy. Biziň ýurdumyzdan diplomlara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Azat Annaýew we Allaberdi Öwezdurdyýew mynasyp boldy. ÝUNESKO tarapyndan guralan onlaýn sergä gatnaşandygy üçin 23 türkmen suratkeşi Şahadatnama aldy. Dünýä medeniýetini birleşdirmek maksady bilen geçirilen bu ägirt uly sergä 82 ýurtdan suratkeşler gatnaşdy.

Sergi merkeziniň iki gatyny-da eýelän eksponatlar ilkinji ädimlerden tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýärdi. Kakageldi Gurbangeldiýew kubizm stilindäki gyzykly «Kompozisiýany» görkezdi. Göze yssy görünýän solgunrak reňkde görkezilen atyň oba peýzažynyň ýerligindäki şekili awtoryň berk geometrik şekilleri beren köp bölekden ybaratdy.

Polat Garryýew mawy öwüşginli iki suratyň awtory: «Meňli» we «Ylham». Bu işler arzuwlar, çuňňur, hakyky duýgular hakynda. Mawy reňk pikirleriň arassalygyny we endik edilen adatylykdan has ýokary derejäni aňladýar.

Suratkeş Guwanç Hojanyýazow gadymy taryhy ýadygärlikli peýzažlary görkezdi. Ol munuň üçin suratda zolaklar usulyny ulanypdyr. Bu bolsa şekillendirilen gadymy ýadygärliklere sadalyk häsiýetini berýär we barlyk hadysalarynyň biri hökmünde wagty ýada salýar. Oňa seredeniňde, kelläňe biygtyýar: «Bu galalar birwagtlar adamlar üçin ygtybarly gaçybatalga bolupdyr, indi bolsa olaryň özleri adam goragyna mätäç» diýen pikir gelýär.

Portretçileriň bu sergide özlerini gowy tarapdan görkezendiklerini bellemelidiris. Ak ýürekli, eserdeň gözli bir ýigidiň ýüzi tomaşaçylardan bir zat soraýan ýalydy – Hezretguly Annageldiýewiň portretinde biz zehinli suratkeş bilen tanyşdyk.

Mustapa Ýagşymyradow tomaşaçylaryň aglabasyny «Portret» bilen geň galdyrdy. Lebap we Mary suratkeşleriniň işleriniň bilelikdäki sergisinde Mustapa ýüzünden nur ýagyp duran türkmenabatly bir suratkeşi gördi. Suratkeşiň rugsady bilen garalama surat çekildi. Soň bolsa Mustapa Ýagşymyradow suratkeşiň şadyýan, ýiti gözlerini portretde beýan etmegi başardy we portret kendiriň ýüzünde janlanan ýaly boldy.

Örän täsir galdyryjy portretleriň arasynda Azat Annaýewiň işine aýratyn özboluşlylyk beren uly reňkli tekizlikleri ulanyp, grafik terzde ýerine ýetiren «Awtoportreti» bar. Peýzažlaryň arasynda bolsa Mekan Nurýagdyýewiň «Amyderýa» suraty ýadymda galypdyr. Onda lemmer-lemmer bolup, dolup akýan bol suwly derýanyň tolkunlarynyň parlaklygy şekillendirilipdir.

Sergä gelenleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň köp sanly okuwçysy, şeýle hem Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary-da bardy. Suratkeşlik hünärini saýlan ýaşlar gözýetimlerini giňeldýärler we türkmen suratkeşleriniň iň gowy eserleri bilen tanyşmak arkaly zowklaryny türgenleşdirýärler.