Ï Türkmen oba hojalyk instituty talyplar üçin hakaton geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk instituty talyplar üçin hakaton geçirer

view-icon 4781
Türkmen oba hojalyk instituty talyplar üçin hakaton geçirer

30-njy sentýabrda oba hojalyk önümleri üçin elektron bazary işläp taýýarlamaga bagyşlanan «AgriHack» atly hakaton — intellektual bäsleşik geçiriler. Ony Türkmen oba hojalyk instituty guraýar.Ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebinden 3-4 adamdan ybarat talyp toparlary bäsleşige çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar degişli temadan programma üpjünçiligini, müşderiler we serwer böleklerini taýýarlap, eminler toparyna hödürlemelidir. Innowasion taslamanyň üstünlikli işlemeginiň netijeliligini we ölçeglerini esaslandyrmalydyrlar. Tabşyrygy ýerine ýetirmäge 3 sagatdan 8 sagada çenli wagt berilýär.

Hakatona esaslanyp, talyplaryň sanly ulgam boýunça, amaly programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak başarnyklaryna, kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin programmirleme dillerini ulanmak ukybyna, şeýle hem sanly ulgamlary guramak we olary dolandyrmak, häzirki zaman sanly gurşawdan başarnykly baş alyp çykyşyna adalatly baha bermek göz öňünde tutulýar.

Talyplaryň taslamalaryna ylmy çemeleşme, amaly şertlerde ulanmak mümkinçiligi, işe doly ýarawlylygy, wajyplygy, dizaýny, ergonomikasy, pikirleriň täzeligi we kreatiwligi boýunça baha berler.

Hakatonyň netijelerine esaslanyp, eminler bir ýeňijini yglan ederler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşanlardan has güýçlileri saýlanyp, olara iki sany ikinji we üç sany üçünji ýer berler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere degişli derejeli diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Mundan başga-da, bäsleşigiň çäklerinde taýýarlanan we teklip edilen taslamalara geljekde durmuşa geçirmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan baha berler.

Hakaton – IT ulgamyndaky toparlaryň arasyndaky bäsdeşlik bolup, oňa gatnaşyjylar kesgitlenen wagtda müşderiniň talabyna görä kesgitlenen meseläni çözmek üçin ykjam programmanyň, web-hyzmatynyň ýa-da beýleki önümiň nusgasyny döredýärler.

Hakaton innowasiýa ulgamynda ýaşlaryň we ýaş alymlaryň ylmy işlerini höweslendirmäge hem-de ösdürmäge, tehniki we tehnologiki ugurlardaky meseleleri çözmek ukyplaryny kämilleşdirmäge hem-de talyplaryň hünär başarnygyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Bäsleşigiň guramaçylarynyň pikirine görä, ýaşlaryň arasynda şeýle çäreleriň geçirilmegi talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlik şertlerinde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaga, has zehinli gatnaşyjylary kesgitlemäge, galyberse-de olaryň saýlap alan hünärine höwesini, zähmete söýgini, jogapkärçilikli we ynsaply garaýşy terbiýelemäge ýardam edýär.