Ï Türkmenistanyň Kanuny «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 9427

I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda, 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 38-nji madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda; 2020 ý., № 1, 5-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 148-nji madda; 2022 ý., № 2, 30-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 28-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 54-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«541-nji madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň saklanyp galmagy

1. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda kazyýetiň ýerleşýän ýeriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmegi bilen baglylykda, şol kazyýet ýatyrylanda ýa-da üýtgedilende onuň ygtyýarlyklary saklanyp galýar.

2. Ygtyýarlyklary saklanyp galýan kazy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy ygtyýarlyklarynyň galan möhletiniň dowamynda öz işini ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýetiň hukuk oruntutary hökmünde hereket edýän kazyýetde dowam edýär.

3. Ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýetiň hukuk oruntutary hökmünde hereket edýän kazyýetde kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň boş iş orny bolmadyk ýagdaýynda, ygtyýarlyklary saklanyp galýan kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň razylygy bilen, olar şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde başga kazyýete kazylyga bellenilip bilner.»;

2) 55-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslaryň biri bar bolan mahalynda Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen togtadylýar:

1) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bilen kazynyň nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilmegi;

2) kazy babatda jenaýat işiniň gozgalmagy ýa-da onuň başga jenaýat işi boýunça aýyplanýan hökmünde çekilmegi;

3) kazynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýa-da beýleki saýlawly edaralaryň agzalygyna dalaşgär hökmünde saýlawyň öň ýanyndaky çärelere gatnaşmagy;

4) raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan pul ýa-da emläk talaplary bilen bagly (ekläp-saklamak we aliment tölemek boýunça borçnamalar muňa girmeýär) kazyny borçlandyrýan kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegi;

5) hünär dereje synagyny tabşyryp bilmezligi.

2. Kazynyň ygtyýarlyklary togtadylýan döwründe kazynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginiň şu Kanunda bellenilýän kepillikleri saklanyp galýar.

3. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagyna esas bolan şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar aradan aýrylanda ygtyýarlyklar Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen dikeldilýär.»;

3) 56-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslar boýunça bes edilýär:

1) kazynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy;

2) kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşynyň dolmagy;

3) saglyk ýagdaýy ýa-da başga esasly sebäpler boýunça uzak wagtyň dowamynda ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga ukypsyzlygy;

4) başga işe geçmegi ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda ýazmaça arza bermegi;

5) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

6) hünär dereje synagyny yzygider iki gezek tabşyryp bilmezligi;

7) kazynyň wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişiň edilmegi;

8) ol barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň ýa-da oňa lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň ulanylmagy hakynda kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegi;

9) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygyň düýpli bozulmagy, eger olar agyr netijelere getiren bolsa (raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň bähbitleriniň düýpli bozulmagy, adamyň bikanun azatlykdan mahrum edilmegi) we (ýa-da) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalarynyň gödek bozulandygy üçin bir ýylyň dowamynda azyndan iki gezek düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi;

10) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

11) kazynyň aradan çykmagy ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi — ýörite nama kabul edilmezden.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 11-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslardan gaýry ýagdaýlarda kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.»;

4) 59-njy maddada:

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylygyna 30 ýaşy dolan, azyndan üç ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.»;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylygyna 30 ýaşy dolan, azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.»;

5) 59-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«591-njy madda. Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň iş döwrüne bildirilýän talaplar

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy we başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy we başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan on ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.»;

6) 61-nji maddadan soň şu mazmunly maddalary goşmaly:

«611-nji madda. Kazyýetiň başlygynyň we kazyýetiň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletleri

Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipä bäş ýyl möhlete bellenilýär. Şol bir adam şol bir kazyýetde yzygider iki möhletden köp möhlete kazyýetiň başlygy ýa-da kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip bilinmez.

Kazyýetiň başlygynyň we kazyýetiň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary onuň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen bes edilýär.

612-nji madda. Kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy

1. Kazy kazylyga bellenilende, kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylary üçin ýetmiş, beýleki kazyýetleriň kazylary üçin altmyş bäş ýaşa çenli diýlip bellenilýär.

2. Kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bäş ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilner.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen pensiýa ýaşyna ýetmegi bilen ýa-da pensiýa çykmaga beýleki esaslar bar mahalynda, kazynyň pensiýa çykmaga bolan hukugy onda saklanyp galýar.»;

7) 68-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Kwalifikasion kollegiýanyň kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň yzyna çagyrylmagy, ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütlerinden başga çözgütleri şikaýat edilmäge degişli däldir, ýöne bu meselä Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň delillendirilen teklipnamasy boýunça bir hepde möhletde gaýtadan seredilip bilner.»;

8) 73-nji maddada:

birinji we ikinji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kazy we kazyýet oturdaşlary ygtyýarlyklaryndan şu aşakdakylar esasynda mahrum edilip bilner:

1) kazynyň wezipe ygtyýarlyklary we kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyklary bilen bir ýere sygyşmaýan iş bilen meşgullanmagy;

2) kazyýetiň çykaran we kanuny güýje giren aýyplaw hökümi;

3) lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň ulanylmagy hakynda kazyýetiň karary.

2. Kazy we kazyýet oturdaşlary öz wezipelerini ýerine ýetirmekden möhletinden öň şu aşakdakylar bilen baglylykda boşadylyp bilner:

1) işi dowam etmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy boýunça uzak wagtyň dowamynda ýa-da başga sebäpler boýunça ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga ukypsyzlygy;

2) başga işe geçmegi ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda ýazmaça arza bermegi;

3) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

4) hünär dereje synagyny yzygider iki gezek tabşyrmazlygy;

5) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygyň düýpli bozulmagy, eger olar agyr netijelere getiren bolsa (raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň bähbitleriniň düýpli bozulmagy, adamyň bikanun azatlykdan mahrum edilmegi) we (ýa-da) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalarynyň gödek bozulandygy üçin bir ýylyň dowamynda azyndan iki gezek düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi;

6) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi.»;

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Türkmenistanyň kazylarynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi ýa-da möhletinden öň boşadylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy esasynda amala aşyrylýar.»;

9) 77-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hem-de kazyýet işgärleriniň zähmet haky wezipe aýlyk hakyndan, hünär derejeleri we kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça töleglerden ybaratdyr. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hem-de kazyýet işgärleriniň hünär derejesi üçin wezipe aýlyk hakyna goşmaça tölegleriň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.»;

birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«11. Kazylara, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylara hem-de kazyýet işgärlerine kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça tölegiň möçberleri olaryň wezipe aýlyk hakyna we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegine baglylykda, aşakdaky tertipde bellenilýär:

5 ýyldan 10 ýyla çenli — 15 göterim;

10 ýyldan 15 ýyla çenli — 25 göterim;

15 ýyldan 20 ýyla çenli — 30 göterim;

20 ýyldan 25 ýyla çenli — 35 göterim;

25 ýyldan ýokary — 40 göterim.».

II. Şu Kanun 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.