Ï «AgriHack» talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«AgriHack» talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 4487
«AgriHack» talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «AgriHack» atly hakatonynyň netijelerini jemledi.

Ýaryşyň iň ýokary baýragyny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary gazandy.

Eminler iki sany hormatly orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna berdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, üç ikinji orny eýelänler-de kesgitlendi, olaryň ikisini Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary, birini bolsa Türkmen oba hojalyk institutynyň topary aldy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça üçünji orny eýelän bäşlige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden iki topar, şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň toparlary girdi.

Ýaryşyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar hem gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy. Hakatona gatnaşan ýene dört ýokary okuw mekdebine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Mundan başga-da, bäsleşigiň çäginde taýýarlanan we teklip edilen zatlar geljekde durmuşa geçirmek we önümçilige girizmek maksady bilen, guramaçylar tarapyndan gözden geçiriler.

Hakatonyň bir bölegi hökmünde toparlaryň belli bir wagtyň dowamynda oba hojalygy önümleri üçin elektron bazar işläp düzmek ugrunda innowasion çözgütleri taýýarlamaly we hödürlemeli bolandyklaryny ýatladalyň.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary MT pudagynda çuňňur bilimlerini we ajaýyp ukyplaryny giňden görkezdiler. Toparlar arasyndaky ýaryş bäsdeşlik ruhunda geçdi, oňa gatnaşanlar has gowy netijeleri gazanmaga we özleriniň artykmaçlygyny subut etmäge ymtylyşlarynda birleşdiler.

Hakatonyň geçirilmegi talyplaryň sanly endiklerine, iş ýüzünde web-serwisleri işläp düzmek başarnyklaryna, programmirleme dillerini ulanmak ukybyna, şeýle hem sanly ulgamlary gurnamak we dolandyrmak, häzirki zaman sanly gurşawda erkin baş alyp çykmak ukybyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşik ýaşlaryň ylym we innowasiýa pudagyndaky işjeňligine itergi bermek, tärleri özleşdirmek, tehnika hem tehnologiýa ugurlardaky meseleleri çözmek ukyplaryny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, talyplaryň hünär endiklerini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.