Ï Fransuz ýazyjysy we syýahatçysy Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň ikisine baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz ýazyjysy we syýahatçysy Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň ikisine baryp gördi

view-icon 4905
Fransuz ýazyjysy we syýahatçysy Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň ikisine baryp gördi

Syýahatçy fransuz ýazyjysy Sedrik Gra Türkmenistana saparynyň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördi.

Ýazyjy ýokary okuw mekdeplerde talyplary öz syýahatlary bilen tanyşdyrdy, Uzak Gündogara we Antarktika syýahatlary, şeýle hem güneşli Aşgabatdan galan täsirler barada gürrüň berdi. Daşary ýurt dilini öwrenýän talyplar onuň bilen öz dilinde gürleşip, onuň işleri barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.

– Bu Türkmenistana ilkinji saparym. Bu ýerdäki hemme zat meniň üçin del – diýip, Sedrik Gra pikirini beýan etdi. – Siziň ýurduňyzy özüm üçin höwes bilen açaryn. Türkmenistanda bolan iki günümde, men eýýäm öz ýanymdan bu ýerdäki adamlaryň gaty mylakatlydygyny belledim.

Sedrik Gra Günorta Amerikany boýdan-başa gezen adam, Hindistanyň Pondişer şäherindäki fransuz institutynda geografiýany öwrenipdir, Gimalaý daglarynda alpinizm bilen meşgullanypdyr, Mongoliýa bilen Tibeti atly geçipdir. Ol ähli bilimlerini we özünde galan täsirleri dykgat bilen syýahat depderçesine ýazypdyr. Soňra bolsa bu ajaýyp görnüşler onuň geljekki kitaplary üçin bezeg bolar.

Syýahatçynyň özüniň aýtmagyna görä, onuň üçin iň mähirli ýatlamalar Antarktida syýahaty bilen baglanyşykly.

Arktika giňişlikleri we tebigy görnüşler ony elmydama täsin galdyrýardy we haýrana goýýardy. Alpinist bolansoň, Sedrik Gra daga we daglyk ýerlere aýratyn söýgi besleýär. Pamirdäki dag buzlugyna gezelenç onuň «Fedçenkonyň unudylan buzlugy» atly resminamalaýyn filmine esas bolup hyzmat edipdir. Film 5-nji oktýabrda Aşgabatdaky Fransuz institutynda görkeziler.

Hoşlaşyk wagty talyplar daşary ýurtly myhmandan ýaş nesle maslahat bermegini haýyş etdiler.

– Men geografiýa fakultetinde okadym, ýöne hiç wagt öz hünärim boýunça işlemedim. Şeýle-de bolsa, ähli bilimim maňa ýazyjylyk işimde örän peýdaly boldy. Geografiýa meniň üçin dünýä düşünmegiň açaryna öwrüldi. Meniň pikirimçe, ýaşlar mynasyp diplom almak üçin, köp okamaly, yzygider öwrenmeli, mowzugyny gowy bilmeli. Öwreniň! Bu örän möhümdir.