Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «habarçy» derejesinde «THE World University Rankings-2024» (Bütindünýä uniwersitet derejeleri-2024) reýtinginiň 20-nji neşirine girdi.
Bütin dünýäde tanalýan abraýly «World University Rankings» öz taryhyny 2004-nji ýyldan alyp gaýdýar we her ýyl Angliýanyň «Times Higher Education» (THE) guramasy tarapyndan düzülip, neşir edilýär. Bütindünýä reýtinginde netijeliligine we üstünligine halkara hünärmenler tarapyndan baha berilýän dünýäniň iň gowy uniwersitetleri ýer alýarlar.
Ýokary okuw mekdepleriň netijeleri olaryň işiniň bäş esasy ugurlary boýunça toparlara bölünen 18 netijelilik görkezijisine esaslanýar: okatmak, derňewiň hili, derňew gurşawy, halkara geljegi we senagat.
Uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine her ýyl täze okuw jaýlary goşulýar. «THE World University Rankings-2024»-üň ýakynda neşir edilen 20-nji neşirine 108 ýurtdan 1904 uniwersitet girizilipdir.
Türkmenistanyň ýokary mekdepleri THE reýtingine işjeň gatnaşyp, onda barha ýygy-ýygydan orun almak bilen, özleriniň we ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýarlar. Işjeň ösüşe, üstünlige we has ýokary öndürijilik görkezijilerine ýetmek ugrundaky ymtylyş milli bilimiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmagy ugrundaky esasy wezipelerinden biriniň çözgüdine ýardam edýär.