Ï Sedrik Gra: Antarktida syýahatlar hakynda hekaýat we başga-da köp zat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sedrik Gra: Antarktida syýahatlar hakynda hekaýat we başga-da köp zat

view-icon 4877
Sedrik Gra: Antarktida syýahatlar hakynda hekaýat we başga-da köp zat
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Ýurdumyzda dostlukly saparda bolýan fransuz syýahatçy ýazyjysy Sedrik Gra metbugathanada Aşgabatdaky Fransuz institutynyň talyplary bilen duşuşdy. Myhman özüniň fransuz dilindäki bäş sany kitabyny institutyň kitaphanasyna sowgat berdi. Olaryň üçüsi syýahatlar barada, biri roman, biri-de fantastikadyr.

Ýazyjy bilen duşuşmak üçin ýygnananlaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransiýaly syýahatçynyň öňýany duşuşan talyplary-da bardy.

Syýahatçy ýazyjy ýaşlarda diýseň uly gyzyklanma döretdi, şonuň üçin-de onuň üstüni, sözüň doly manysynda, sorag bilen gömdüler. Talyplar onuň ykbaly, Antarktidadan we Alp daglaryndan galan iň ýiti täsirleri, nädip hakyky alpinist bolmalydygy, onuň ýazyjy bolmagyna nämäniň sebäp bolandygy we elbetde, howanyň bütindünýäde maýlamagy hakynda sorag berýärdiler.

Sedrik Gra söhbetdeşleriniň soraglaryna tüýs ýürekden jogap berýärdi. Syýahatçy bilimi boýunça özüniň geografiýaçydygyny, şol sebäpli dünýäniň dürli künjeklerinde bolup, ajaýyp manzarlary görmek onuň üçin hünär zerurlygydygyny aýtdy. Ol hemme zatdan beter dagy gowy görýär. Ilkinji gezek Alp daglaryny kakasynyň torbasynda otyrka görüpdir. Syýahata bolan söýgi oňa ata-enesinden geçipdir.

2016-njy ýylda Antarktidany görmek bagty maňa miýesser boldy – diýip, Sedrik gürrüň berýär. – Men ol ýerde ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçirdim, soň olar barada öz kitabymda beýan etdim. Antarktidanyň tutýan meýdany, takmynan, Ýewropanyňka deňdir. Ýanwar aýynda bu ýerde bütin gün gündiz, iýun aýynda bolsa – gije. Ýagny, gije bilen gündiz, gyş bilen tomus ýerlerini çalşypdyrlar. Buzluklar şeýle bir gözel welin, söz bilen beýan etmek mümkin däl.

Ýakyn geljekde ýene Antarktidany görmegi meýilleşdirýärin, ýöne başga tarapdan. Ýene bir kitap ýazaryn diýip umyt edýärin.

Aslynda, men özümi hakyky ýazyjy hasaplamok, çünki ýazyja hyýal älemi mahsus, men bolsa gözüm bilen gören zatlarymy ýazýaryn. Eserlerim hem ylmy eserlerden tapawutlanýar. Sebäbi kitaplarymy syýahaty halaýan, ýöne oňa mümkinçiligi ýok okyjylaryň giň toparyna elýeterli bolmagyny isleýänim üçin sada dilde ýazýaryn.

Men dagda köp syýahat edýärin. Ykbal meni nähilem bolsa betbagtçylyklardan gorap gelýärdi, ýöne bir gün dagyň depesine çykanymda, topugyma şikes ýetdi. Emma şikes alanyň hereketsiz ýagdaýda bolmalydygy we oňa lukmançylyk kömeginiň zerurlygy göz öňünde tutulsa, dag şertlerinde bu – hakyky betbagtçylyk.

Bir gezek deňizde tupana düşdüm. Bir zady aýdaýyn: men daga dyrmaşmaga ökde, ýöne deňizde duran ýerim, şonuň üçin bütin ömrüme gözümde gorky galdy.

Öň Orta Aziýada bolanam bolsam Türkmenistana ilkinji gelşim. Bu gezek bolmazmyka diýýärin, ýöne ýene-de ýurduňyza gelsem, hökman türkmen alpinistleri bilen Köpetdaga çykarys.

Sorag-jogaply duşuşyk ýene uzak dowam etdi. Sedrik Granyň özüniň şaýat bolan howanyň bütindünýäde maýlamasy, fantaziýaçy syýahatçynyň ynanmaýan we başgalara-da maslahat bermeýän uçýan tabaklar ýaly meseleler we başgalar gozgaldy.

Biziň ýurdumyzdan galan täsirler barada soralanda, fransiýaly myhman şeýle jogap berdi: «Biziň ählimiz başga-başga, men siz ýaly däl, sizem meniň ýaly däl. Belki, syýahatçy üçin iň lezzetli ýerem şudur».