Ï Türkmenistanly karateçi we erkin göreş pälwany Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçi we erkin göreş pälwany Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldular

view-icon 7340
Türkmenistanly karateçi we erkin göreş pälwany Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldular

Türkmen türgenleri Hançžou şäherinde geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda bäsleşikleriň soňky güni iki bürünç medal gazandylar. Karateçi Baýry Baýryýew we erkin göreş pälwany Döwletmyrat Orazgylyjow şeýle üstünlige ýetdiler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby Baýry Baýryýew Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) düzgünlerine laýyklykda geçirilen kumite (sparring) boýunça bürünç medal aldy. 67 kilograma çenli agramda 22 türgen medal ugrunda bäsleşdi. Erkin göreş boýunça 27 ýaşly halkara sport ussady Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilograma çenli agram derejesinde üstünlik gazandy. Bu ýaryşda 17 pälwan baýrak ugrunda bäsleşdi.

Karate uzak wagtdan bäri Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmaga dalaşgär sport görnüşleriniň biri hasaplanýardy. Onuň Olimpiýa sportunyň derejesine ýetmäge päsgelçilikleriniň biri-de türgenleriň köp şikes almagy sebäp boldy. Mundan başga-da, köp sanly karate ugurlarynyň we federasiýalarynyň belli bir ülňä gelmezligi onuň Olimpiýa sporty bolmagyna köp päsgelçilik döretdi. 1990-njy ýylda birnäçe gurama birleşip, Halkara Olimpiýa komitetinde bu sportuň gyzyklanmalaryna wekilçilik edýän Bütindünýä karate federasiýasyny (WKF) döretdi. 2020-nji ýylda karate dört sport bilen birlikde Olimpiýa oýunlary derejesini aldy. Emma karate ýene-de Olimpiýa maksatnamasyndan aýryldy, ýagny ol 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girizilmedi.

Hançžouda geçirilen Aziýa oýunlarynda karate ýaryşlarynda türkmen toparyna dört türgen wekilçilik etdi. Olardan diňe biri baýrak almagy başardy.

Birinji aýlawda Baýry ХIХ Aziýa oýunlarynyň geljekki çempiony Fahad Al-Ajmiden (Kuweýt) 1:4 hasabynda ýeňildi. Ýöne iki bürünç medaldan biriniň ykbaly çözülen teselli ýaryşynyň indiki tutluşyklarynda garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ildeşimiz ilki Rinçen Jamtşony (Butan) 8:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, soňra Nurlanbek ogly Kalysy (Gyrgyzystan) 8:4 hasabynda ýeňdi we bürünç medal ugrundaky söweşde Çen Çun Şini (Taýwan) 9:1 hasabynda ýeňdi.

67 kilograma çenli agram derejesinde ikinji bürünç medaly 2023-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň we 2018-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, 3-nji orun ugrunda tutluşykda iki gezek dünýä çempiony, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda dünýäniň iki gezek çempiony, 2014-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi Amir Mahdi Zadeni (Eýran) 7:2 hasabynda ýeňip, Didar Amirali (Gazagystan) eýeledi. Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, Aziýanyň häzirki çempiony Abdel Rahman Almasatfa (Iordaniýa) altyn medal ugrundaky göreşde Fahad Al-Ajmiden (Kuweýt) 6:9 hasabynda ýeňlip, münberiň ikinji gatyna çykdy.

Baýry Baýryýew 12 ýyl bäri karate bilen meşgullanyp gelýär. Ýapon söweş sungatynyň esaslaryny Balkanabatda ilkinji tälimçisi Nazmämmet Satlykgulyýewden öwrendi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Geçen aý Baýry Baýryýew Dünýä Şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde ikinji ýeri eýeledi. Indi bolsa Aziýa oýunlarynda karatede (WKF) türkmen sportunyň taryhynda ilkinji medal gazandy.

Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary hem tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji medal gazandylar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy. Mundan ozal 2014-nji ýylda Inçhondaky (Koreýa Respublikasy) Aziýa oýunlarynda grek-rim usulynyň pälwanlary Şermet Permanow (71 kilograma çenli) we Jakartada (Indoneziýa) 2018-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlarynda Şihazberdi Öwelekow (87 kilograma çenli) göreşde bürünç medal gazandylar.

Bürünç medala barýan ýolda D.Orazgylyjow dört gezek göreşdi. Birinji aýlawda Wen Luen Gari Çouwy (Singapur) 11:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, soň çärýek finalda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we Tokio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, 2017-nji, 2019-njy we 2021-nji ýyllarda dünýäniň üç gezek çempiony, 2018-nji we 2021-nji ýyllarda Jakartada hem-de Hançžouda Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň iki gezek çempiony Hasan Ýazdaniçaratiden (Eýran) 0:10 hasabynda ýeňildi. Teselli tapgyrynda Döwletmyrat 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýetginjekler dünýä çempionatynda (20 ýaşa çenli) iki gezek bürünç medal gazanan Muhammet Abdullaýewi (Gyrgyzystan) 9:3 hasabynda ýeňdi we bürünç medal ugrundaky göreşde Bat-Erdene Býambasurenden (Mongoliýa) 12:4 hasabynda üstün çykdy.

86 kilograma çenli agram derejesinde ikinji bürünç medaly 3-nji ýer ugrundaky göreşde Magomed Şaripowy (Katar) ýeňen Jawrail Şapiýew (Özbegistan) gazandy. Kümüş medaly finalda Hasan Ýazdaniçaratiden (Eýran) 0:10 hasabynda ýeňlen Dipak Punia (Hindistan) eýeledi.

Döwletmyrat Orazgylyjow çagalykdan erkin göreş bilen meşgullanyp gelýär. Kakasy Öwezgeldi Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda sportuň syrlaryny öwrenip başlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlandan soň, Içeri işler ministrliginiň “Türkmen edermen” bölüminde instruktor hökmünde işe alyndy. Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport-sagaldyş toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň uly tälimçisi Ýusup Melejäýewiň ýolbaşçylygynda erkin göreş bilen meşgullanýar.

D.Orazgylyjow ilkinji uly üstünligi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gazandy, şonda ol 3-nji ýeri eýeledi. Soňky ýyl Döwletmyrat Minskde (Belarusda) Aleksandr Medwediň ýaryşynda kümüş, Krasnoýarskide geçirilen Iwan Ýaryginiň ýaryşynda we 23 ýaşa çenli dünýä çempionatynda bürünç medal aldy. 2019-njy ýylda Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilen Aziýa ýaşlar çempionatynda (U23) we Madridde geçirilen Ispaniýa Gran-Pri ýaryşynda kümüş medal gazandy. Bu ýyl bolsa Buharestde (Rumyniýa) geçirilen halkara ýaryşda birinji orny eýeledi.

Indoneziýada geçirilen öňki Aziýa oýunlarynda Döwletmyrat Orazgylyjow 15-nji ýeri eýeledi. Indi bolsa dört ýyldan bir geçirilýän toplumlaýyn yklym ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Hançžounyň Olimpiýa sport merkeziniň 80 müň orunlyk stadionynda geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda sport meýdançasyna ýaryşa gatnaşan 45 ýurduň baýdaklary getirildi. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny Aýbegşazada Kürräýew buýsançly göterdi.

Dabarada Hançžou şäheriniň meri Ýao Gaoýuan ilkinji Aziýa oýunlarynyň alawyny we Aziýa Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny Nagoýa (Ýaponiýa) şäheriniň meriniň orunbasary Nakata Hideo gowşurdy. Bu ýerde ýene üç ýyldan XX tomusky Aziýa oýunlary geçiriler.