Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary 9-njy oktýabr bilen 13-nji oktýabr aralygynda Moskwada geçen F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukuk boýunça XXIV bäsleşikde ýurdumyzyň abraýyna mynasyp çykyş etdiler.
Milli toparyň düzümine Döwletgeldi Babagulyýew, Kerwen Muhammetgeldiýew we Serdar Rahymow dagy girdi. Halkara hukuk we deňeşdirme hukukşynaslygy bölüminiň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar topary GDA ýurtlarynyň onlarça ýokary okuw mekdeplerinden bolan bäsdeşleriniň gatnaşan saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi. Bäsleşige gatnaşan ýurtlaryň arasynda Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bardy.
Bu ýyl bäsleşige gatnaşmak üçin GDA ýurtlarynyň dürli sebitlerinden 60-dan gowrak islegnama tabşyryldy. Saýlama tapgyrynda iň oňat toparlary kesgitlänlerinde, emin agzalary toparyň halkara ynsanperwer hukugy, halkara jemgyýetçilik hukugy boýunça bilimini we öz beýanatlaryny delillendirmek ukybyny göz öňünde tutdular.
Saýlama tapgyryň netijeleri boýunça iň köp utuk gazanan 23 topar F.F.Martens adyndaky halkara ynsanperwer hukugy boýunça XXIV bäsleşigine gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Bu bäsleşik talyplaryň halkara ynsanperwerlik kanunlaryny hakyky ýagdaýlara meňzedip, emeli usulda döredilen ýagdaýlarda ulanmak endiklerini kämilleşdirýän çäredir.
Şeýlelikde, talyp toparlary bir hepdäniň dowamynda ýaryşyň çäginde teklip edilen dürli ýagdaýa degişli tabşyryklary ýerine ýetirdiler. Ygtyýarly eminler, öz gezeginde, talyplaryň HYH kadalary boýunça bilimlerine we olary iş ýüzünde ulanmak, öz beýanatlaryňy esaslandyrmak, şahsy nukdaýnazaryňy goramak hem her hili ýagdaýda özüňi dogry alyp barmak ukybyna baha berdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Ýokary diplomatiýa mekdebiniň milli topary gowy netijeler görkezdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, emin agzalary institutyň okuwçylarynyň beren jogaplaryndan hoşal bolupdyrlar. Bu bäsleşik tejribe üçin ajaýyp ýerlik, täze hünär tejribesiniň çeşmesi we bilimleri we başarnyklary barlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
F.F.Martens adyndaky HYH boýunça bäsleşik Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) tarapyndan oňa gatnaşýan ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk fakultetleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýär. Bäsleşigiň emin agzalary halkara ynsanperwer hukuk boýunça öňdebaryjy hünärmenlerden, professorlardan, dürli ýurtlardan gelen hukuk ylymlarynyň doktorlarydyr kandidatlaryndan ybarat. Geçirilen ýyllarynyň dowamynda talyplar bäsleşigi halkara ynsanperwer hukuk pudagynda iň abraýly we iň iri çäre statusyna eýe boldy.
Bäsleşik 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär we «Martensiň bellikleriniň» awtory, rus kanunşynasy, diplomaty we rus halkara hukugy mekdebini döredenleriň biri Fýodor Fýodorowiç Martensiň adyny göterýär.