Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de bu ýokary okuw mekdebiň düzümindäki kiberhowpsuzlyk pudagyndaky öňdebaryjy tejribeler merkezi «Kiberhüjümleri seljermek we olara garşy göreş usullary» atly onlaýn maslahat geçirdiler.
Oňa çäräni guran institutyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň esasy hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň innowasion maglumat howpsuzlygy tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Nurguly Saryýew hem-de institutyň mugallymy Guwanç Şahanow dagy çykyş etdiler. Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nazim Maksadow we telekommunikasiýalar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammet Töräýew kiberwehimleri seljermek we olara garşy durmak temasyndan çykyş etdiler.
Seminara gatnaşyjylaryň duşuşygy sorag-jogap görnüşinde tematiki söhbet bilen dowam etdi. Onlaýn maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň bilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň ünsüni kiberhowpsuzlyk çärelerini guramaga we olary ulanmaga çekmek boldy.
Çäre hünärmenlere kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde ileri tutulýan wezipeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga, hünär tejribesini alyşmaga, bilim ulgamynda we maglumat howpsuzlygy gurallaryndan başy çykýan hem-de häzirki zaman sanly gurşawda kiber howplaryna özbaşdak garşy durmaga ukyply ýaşlary terbiýelemekde pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.