Türkmenistanly talyplar bäsleşigiň milli tapgyrynda ýeňiji bolup, Merkezi Aziýa «Central Asian Spelling» sebit bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şu ýyl Duşenbe şäherinde (Täjigistan) geçiriljek sebit bäsleşigine Türkmenistandan dört ýeňiji çagyryldy. Iňlis diline ökdeleriň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynda ýurdumyza Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň iki talyby, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iki talyp gyzy wekilçilik eder.
Bäsleşigiň milli tapgyryny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilen bilelikde geçirdi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 70 talyp gatnaşdy.
Intellektual bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşanlar iňlis dilini, dürs ýazuw endiklerini we dilewarlyk ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.
Ýurdumyzdan talyplaryň bu bäsleşige ozal hem gatnaşandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türkmen talyplarynyň üstünlikli çykyşy olara ynamly ýeňiş getirdi. Daşkentde (Özbegistan) geçirilen Merkezi Aziýa «Central Asian Spelling Bee» dürs ýazuw sebit bäsleşiginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary degişlilikde 1-nji we 2-nji orny eýelediler.
«Spelling Bee» bäsleşigine her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe talyp gatnaşýar. Bäsleşik ýaşlaryň arasynda iňlis dilini öwrenmäge gyzyklanmany höweslendirmäge we ösdürmäge, gürleýiş we ýazuw endiklerini kämilleşdirmäge, şeýle hem okuwçylaryň dil sowatlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de söz baýlygyny artdyrmaga niýetlenendir.