Ï Türkmenistanda mugallymlar we terbiýeçiler üçin maslahatlar hem-de kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda mugallymlar we terbiýeçiler üçin maslahatlar hem-de kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

view-icon 6901
Türkmenistanda mugallymlar we terbiýeçiler üçin maslahatlar hem-de kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

Çaga terbiýelemek işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Her ýyl öwrediş işiniň netijeliligini ýokarlandyrýan täze usullar peýda bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) Aşgabat we welaýat çagalar baglarynyň müdirleri üçin kämilleşdiriş okuwyny geçirdi.

TMBI-niň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölümleriniň ylmy işgärleri öz okuw sapaklarynda diňleýjileriň ünsüni çaganyň irki ösüşine we çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça döwlet maksatnamasyna girizilen wajyp meseleleriň ýerine ýetirilişine gönükdirdiler. Okuw sapaklarynda mugallymlar amaly çärelerde innowasion sanly öwrediş serişdelerini ulanmagyň usulyýetini öwrendiler.

Amaly iş bilen tanyşmak we hünär tejribesini alyşmak üçin mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylary paýtagtymyzdaky 147-nji çagalar bagyna baryp gördüler.

Matematika ugurly mekdebe çenli bilim edaralarynda matematikanyň we logikanyň esaslarynyň okadylyşyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmek ýörelgesinden gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak meseleleri-de gozgaldy.

Şeýlelikde, daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenler 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň mugallymlarynyň lingwistik usullary bilen tanyşdylar.

4-nji noýabrdan başlap, paýtagtymyzyň 57-nji orta mekdebinde mugallymlar üçin kämilleşdirişiň usulyýet we amaly okuw seminarlary başlandy. Bir aýyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlary nazary bilim alarlar we öňki bilimlerini täzelärler, amaly iş tejribelerini paýlaşarlar. Bilim ulgamynda ösen we sanly tehnologiýalary nädip ulanmalydygyny öwrenip, hünär ussatlygyny ýokarlandyrarlar.

Okuw maksatnamalary Türkmenistanyň «Bilim hakyndaky» Kanuny we mugallymlaryň hünär talaplaryna laýyklykda düzüldi. Okuwyň maksady mugallymlaryň çaga psihologiýasy, çagalaryň döredijilik ukyplaryny, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşini we durmuşda öz ornuny tapmagyň ýollaryny ýüze çykarmak, aň-bilim endiklerini ösdürmek ýaly meselelerde bilimlerini artdyrmak hem berkitmekdir.