Ï Türkmen mugallymlary Nižnyý Nowgorodda geçirilen XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mugallymlary Nižnyý Nowgorodda geçirilen XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 4271
Türkmen mugallymlary Nižnyý Nowgorodda geçirilen XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň maslahatyna gatnaşdylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary 23-nji oktýabrdan 23-nji noýabr aralygynda Nižnyý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetinde (NNDBGU) NAUKA 0+ XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň çäklerinde geçirilýän Ylmy-amaly maslahata onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Çärä professorlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, alymlyk derejesine dalaşgärler, ylymlaryň kandidatlary we doktorlary, talyplar, magistrantlar we aspirantlar gatnaşdylar. Maslahatda gurluşyk materiallary we gurnamalar, fizika-matematika ylymlary we mehanika, energiýa netijeli we energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalary, gidrotehniki gurluşyk, binagärlik, dizaýn, täzeden gurmak we binagärlik mirasyny dikeltmek we beýleki temalar ýaly jemi 13 bölümde pikir alşyldy.

Maslahatda oňa gatnaşyjylara bilelikdäki tematiki pikir alyşmalar üçin mümkinçilik döredildi, dürli bilim edaralarynyň kärdeşlerine gymmatly hünär tejribesini paýlaşmaga, ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga, ygtyýarly pikirler we innowasion ideýalary alyşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem mejlisde bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki ylym-bilim hyzmatdaşlygy üçin täze meýilnamalar düzüldi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, çäre medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, ýaş alymlaryň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň giňemegine, zehinli okuwçylary goldamaga, ýaşlary bilimiň dürli ugurlarynda özbaşdak ylmy-barlag işlerine çekmäge ýardam etdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary maslahata binagärlik, şäher gurluşygy, gurluşyk pudagyndaky iň iri ylmy merkezleriň biri bolan Nižniý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetinden kärdeşleriniň çakylygy boýunça gatnaşdylar.

Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berlişine görä, NNDBGU Ylym festiwaly mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy taslamalaryny ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär, ol NNDBGU-nyň Ýaş alymlar geňeşi şu uniwersitetiň we M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň goldamagynda geçirilýär.