Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdebiniň we institutyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň ýurduň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda guraýan «Parahatçylygyň ýaş habarçylary» taslamasynyň intellektual bäsleşigiň üçünji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň ikinji oýnuny geçirdi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli çyragy» şygary astynda geçirilen taslamanyň III möwsüminiň ikinji oýny «Halkara gatnaşyklar we XVII asyryň ahyrynda – XVIII asyryň başynda Sefewiler döwletiniň diplomatiýasy» temasyna bagyşlandy.
Şundan ugur alyp, ikinji oýna gatnaşan sekizlik üçin Gündogaryň beýik şahyry hem filosofy Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şeýle hem Sefewiler döwleti eýýamynda milli diplomatiýa mekdebiniň kemala gelmegi we ösüşi bilen baglanyşykly tematiki sowallar taýýarlandy. Intellektual bäsleşikde Aşgabadyň, Mary, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň 10-11-nji synp okuwçylary zehin-başarnygyny, temany çuňňur bilýändigini görkezdiler.
Bäsleşige gatnaşanlaryň çykyşlaryna filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Garaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Orazpolat Ekaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesow dagydan ybarat bolan ygtyýarly emin agzalary baha berdiler.
Eminler toparynyň çözgüdi bilen taslamanyň üçünji möwsüminiň ikinji oýnunda köptaraplaýyn bilimli, işjeň, öňbaşçylyk häsiýetli we özüne ynamyny görkezen iki okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Gülnar Ballyýewa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis, fizika we matematika dillerini çuňňur öwredýän 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowadyr.
Ýeňijilere, şeýle hem bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň hormat haty, şeýle hem oýun hemaýatkärlerinden – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli ýaýdan ok atmak federasiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem «Abadan haly» AGPJ-niň, «Aýdyň gijeler» HJ-niň, «Muhammet Balkan» HJ-niň, «Ýedi Dogan» HK-nyň, «Düwmejik» HK-nyň we «Balşeker» kompaniýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Däp bolşy ýaly, oýny «Miras» milli teleýaýlymynyň işgärleri we ýurduň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň okuw studiýasynyň wekilleri surata düşürdiler hem-de ýazgy etdiler. Gyzykly bäsleşik ýakyn wagtda türkmen tomaşaçylary üçin ýaýlyma berler.