Ï Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

view-icon 7554
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
camera-icon
Meret Rozyýew

12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri hormatladylar.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ähli welaýatlardan hormatly ýaşulular bar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» hem-de azyklyk bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Gök, miwe, bakja önümlerini öndürijiler gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlandylar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki döwürde Watanymyz özgertmeleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler durmuşa geçirilip, iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Pudagyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Olara bellenen tertipde ekinlere ideg işlerini geçirmek üçin traktorlar, oba hojalyk tehnikalary, enjamlar berilýär. Häzirki döwürde gallany, pagtany, azyklyk gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary döredilýär. Önüm öndürijiler bilen gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler ýerine ýetirilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda azyk howpsuzlygy, ekologik abadançylyk, şol sanda ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürlen teklipler halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe boldy.

...Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesinde özboluşly bezelen sahnada paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir dürli süýjülikler hödürlenildi.

Açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de welaýatlarymyz öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önümdigi-de bellärliklidir. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkin. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir. Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň hem-de ýurdumyzyň ekerançylarynyň gaýratly zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmanlary beýgelip, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Hususy pudagyň oba hojalygynda gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Emeli görnüşdäki özboluşly gowaça we galla meýdanlarynyň ýanynda ekerançylyk ýerlerinde ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Bu ýerde daýhanlaryň ýeňil bolmadyk yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan kuwwatly kombaýnlar, ekinlere ideg işlerini geçirmekde ulanylýan traktorlar, ýöriteleşdirilen tehnikalardyr enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň kömegi bilen her ýyl bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär. Döwletimiz tarapyndan obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meselelerini innowasion esasda çözmek bilen, ýokary iş öndürijilikli iň täze tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ekerançylyk işlerini amatly agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Oba hojalykçylaryň iş öndürijiligi ýokarlanyp, olaryň hünär derejeleri we iş şertleri kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlary hem öz baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, olaryň sergi bölümlerinde «ak altynyň» täze hasylyndan doly horjunlar, bugdaý sünbülleri, tamdyrda täze bişirilen çörekler we beýleki milli tagamlar görkezilýär. Uzak bolmadyk ýerde bugdaý, pagta ýükli düýe kerweni görünýär. Bu görnüşler baýramçylyga gelenleri uzak geçmişe alyp gidýär. Irki döwürde uzak ýola rowana bolnanda, şeýle görnüşde dürli ýükleri daşamak ýeke-täk usul bolupdyr. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanylýar. Halk heňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini görkezip, tahýa tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgullanýarlar.

Milli oýunlary gyzyklanma bilen oýnaýan çagalaryň gapdalynda baş baýrak ugrunda pälwanlar göreş tutýarlar. Gadymy türkmen däbine görä, bu baýrak ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýar. Baýramçylyga gatnaşyjylar ahalteke tohum atlaryna, türkmen alabaýlaryna we tazylaryna, aw guşlaryna tomaşa edýärler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli çykyşlar halkymyzyň milli dessurlary bilen utgaşyp, şatlykly pursatlara baý boldy.

Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirilýär. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň rowaçlygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda ähli türkmen toýuna mahsus milli tagamlar we naz-nygmatlar bilen bezelen desterhanlar myhmanlar üçin giňden ýazyldy. Welaýatlaryň sergi diwarlyklarynda külçe, ýagly, etli, süýtli çörekler we beýleki çörek önümleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda merkezlerinde hem-de bazarlarynda ilatymyza hödürlenilýän ter miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň köp görnüşi görkezilýär.

Ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň, zergärleriniň ekerançylaryň zähmetine, mähriban Watanymyza bagyşlan eserleriniň sergisi guraldy.

Soňra baýramçylyk dabaralary atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňündäki ýörite gurnalan sahnada dowam etdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi nygtalýar. Bu baýram ene topraga yhlasyň we söýginiň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, enjamlary we gurallary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklendi.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Arkadagly Serdarymyza 2020-nji ýylda doglan Diýarym atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünliklerini joşgunly wasp etdiler.

Dabara baýramçylyk mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdi. Asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň hiç biri şolarsyz geçmändir.

Dürli aralyklara çapyşyklaryň jemi 5-si geçirilip, olaryň birinjisinde ýaş çapyksuwarlar ýaryşdylar. Çapuw ýodasynda ýel kimin uçýan ajaýyp ahalteke bedewleriniň çapyşygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Çapyksuwar bilen atyň bitewi sazlaşygyny emele getirýän, arzyly maksada ýetmek ugrundaky bilelikdäki tagallany şöhlelendirýän ajaýyp görnüşler hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň oba hojalykçylary pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de oba hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dabaraly maslahatlar we öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.

***

Şu gün Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dag howasy we mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy aýratynlyklary, giň ýaýlalar atlary hem-de taýlary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly gurşawy döredýär. Behişdi bedewlere ideg etmek, olary ösdürip ýetişdirmek we seýislemek işleri gadymdan gözbaş alýan milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp geçirilýär. Munuň özi ýyndamlygy, deňsiz-taýsyz gözelligi bilen tanalýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ägirt uly tohumçylyk-seçgiçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan atçylyk pudagynda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullaryň we çemeleşmeleriň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy olaryň ajaýyp genofondynyň aýawly goralyp saklanyljakdygyna, milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljek nesillere ýetiriljekdigine güwä geçýär. Ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek, tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Hususan-da, tohumçylyk-seçgi işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynda täze öwüşginleriň emele gelmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň yzygiderli artmagyna amatly şertler döreýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen halkynyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek we täze taryhy eýýamda pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamatyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze gurlan athana gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant goşjak desganyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmalydygy tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň sargydy boýunça bu desgany doly taýýar edip ulanmaga bermek «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.

...Täze, döwrebap athananyň açylyş dabarasy toý-baýrama beslendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary döwletleriň ýurdumyzdaky ilçileri gatnaşdylar.

Döredijilik toparlarynyň ruhubelent aýdym-sazly çykyşlary täze desganyň açylyş dabarasyny özboluşly baýramçylyk gurşawyna besledi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýärler we 600 ahalteke atyna niýetlenen täze athanany açýarlar. Bu ýerde bedewleri ösdürip ýetişdirmek, saklamak we türgenleşik geçirmek, seýisleri, ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berlen deňsiz-taýsyz atçylyk sport toplumlary, ahalteke bedewleriniň dünýäde yzygiderli artýan şöhraty hem-de olary ösdürip ýetişdirmäge, seýislemäge ömrüni bagyşlan adamlara döwlet tarapyndan berilýän giň goldawlar durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesidir.

Täze toplumyň umumy tutýan meýdany 15,4 gektar bolup, onuň çäklerinde birnäçe desga gurlupdyr. Dabara gatnaşyjylaryň täze athana bilen tanyşlygy dolandyryş binasyna baryp görmek bilen başlanýar. Bu ýerde olar hünärmenler üçin niýetlenen otaglary synladylar. Binada mejlisler zaly, işgärler üçin naharhana we zerur bolan beýleki ýerler bar. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ähli zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar-sagaldyş merkezindäki bejeriş bölümleri, olarda atlaryň idedilişi bilen tanyşdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar toplumyň çägini synlap, athanalara barýarlar. Bu ýerde bedewleri seýislemek üçin meýdançalar bilen birlikde, olary gezdirmek üçin meýdançalar hem bar.

Toplumyň hojalyk bölüminiň düzümine höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si we beýleki birnäçe desgalar girýär. Bu ýerde sazlaşykly mikrogurşaw, arassa howa aýlanyşygy göz öňünde tutulyp, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek, çapyşyklara taýýarlamak seýisleriň we atbakarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler üpjün edilipdir.

Taýlar barada aýdylanda, bu ýerde olar üçin has oňaýly şertler döredilipdir. Olary ösdürip ýetişdirmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar, ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Düýn bu ýerde taýçanagyň dünýä inendigini bellemek gerek. Bu waka türkmen atşynaslarynyň şatlygyny we buýsanjyny has-da artdyrdy. Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde taýçanagyň dünýä inmegi ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň ajaýyp wakalara utgaşýandygynyň nyşany boldy.

Döwrebap athanada üsti ýapyk we açyk ammarlar hem göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary, ulag serişdeleri üçin awtoduralga, birnäçe tehniki desgalar gurlupdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürelipdir. Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasynda amala aşyryldy.

Dabaranyň dowamynda täze topluma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, gurlup ulanmaga berlen döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen ol atşynaslygyň möhüm merkezleriniň birine öwrüler.