Ï Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti biologiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti biologiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar

view-icon 5619
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti biologiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde biologiýa boýunça II Halkara olimpiadasyny geçirer.

Biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi öwrenýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiada gatnaşjaklar şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli elektron salgysyna ýüz tutup bilerler. Bellige alnan talyplaryň görkezen elektron poçtasyna olimpiadanyň başlanmagyndan bir gün oňa gatnaşmak üçin login we parol iberiler.

Olimpiada 6-njy dekabrda geçiriler. Olimpiada gatnaşjaklar goşmaça maglumat üçin guramaçy ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynyň Olimpiada-2023 bölüminde, şeýle hem +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11 telefonlar we tdlu.olimp23@gmail.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilerler.

Olimpiadanyň geçirilmegi ukyply we zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň bilimlerini artdyrmaga, biologiýany has çuňňur öwrenmäge we gyzyklanma döretmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylym we bilim pudagyndaky gatnaşyklaryny sanly tehnologiýalar arkaly berkitmäge gönükdirilendir.