Ï Türkmenistanyň Adalatçysy halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Adalatçysy halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

view-icon 4331
Türkmenistanyň Adalatçysy halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň edarasynyň halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Onda adam hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşykda BMG-niň şu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we adam hukuklary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak babatda dürli çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň esasy we ileri tutulýan halkara hyzmatdaşlaryndan biridir. Ol bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowanyň ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary býurosynyň (DI we AHB) direktory Matteo Mekaççi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda ýurtda alnyp barylýan demokratik özgertmeler we Adalatçynyň edarasynyň olary durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti barada maglumat berildi. Adalatçynyň edarasynyň ýurtda adam hukuklaryny goraýan garaşsyz edaradygy we onuň işiniň adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilendigi bellenildi. Taraplar ÝHHG-niň dürli gurluşlarynyň, şol sanda DI we AHB-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetlidigini nygtadylar. Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi bilen bilelikde geçirilýän çäreler netijeli gatnaşyklaryň mysalydyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri we ony ösdürmegiň geljegi Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasynyň ýolbaşçysy Eleonora Walentaýn bilen duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda adam hukuklaryny goramak boýunça özgertmeleriň we olary ilerletmekde garaşsyz edara hökmünde Adalatçynyň edarasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşyklarda taraplar adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.