Ï Şuşa döwlet teatry Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şuşa döwlet teatry Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda çykyş etdi

view-icon 4546
Şuşa döwlet teatry Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda çykyş etdi
camera-icon
Hasan Magadow

Şuşa döwlet sazly-drama teatry «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda güneşli Azerbaýjana wekilçilik etmezden has öň teatr tomaşaçylary Edelweýsiň nämedigi bilen gyzyklanyp başladylar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçen «Edelweýs» ýa-da «Sen hemişe meniň bilen» liriki-psihologiki dramasynyň ilkinji görkezilişinde myhmanlar we festiwala gatnaşyjylar belent dagda bitýän gülüň şeýle atlandyrylýandygyny bilip galdylar.

– Bu täsinlige bak-a. Tutuş guranam welin, ondan ýaňy ýolnan ýaly ajap ys gelýär – diýip, baş gahryman Nargilýa (Zahra Salaýewa) geň galýar.

– Hawa. Gülüň edähedi şeýle. Özi solsa-da, ýöne hoşboý ysy hemişelik galýar – diýip, Hasanzade (Azerbaýjanyň at gazanan artisti Nazir Rustamow) jogap berýär. 

Spektakl Azerbaýjanyň halk ýazyjysy Ilýas Efendiýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Onuň ýordumynyň çylşyrymly temasy ýürek telwasy meselelerini gozgaýar. Bir ýaş gyz ýaşy özünden has uly erkek kişä aşyk bolýar. Ata-enesi gyzynyň bolşuny halaman, olaryň birleşmegine ýol bermejek bolup elinden gelenini edýärler.

Tutuş oýnuň dowamynda bähbitleriň çaprazlygy, ruhy-ahlak ýörelgeleri we dartgynly wakalar tomaşaçylary tolgundyrýar. Şol bir wagtyň özünde zaldakylaryň her biri wakanyň gahrymanlaryna duýgudaşlyk bildirýär.

Spektaklyň režissýory, Azerbaýjanyň at gazanan artisti Logman Kerimowyň belläp geçişi ýaly, şahsy gatnaşyklardaky ýalňyşlyklary duýdurýan spektaklyň esasy manysy ýaşlara niýetlenendir. Mundan başga-da, spektakl jemgyýetiň ahlak ýörelgeleriniň berjaý edilmegine üns bermäge gönükdirilendir.

Şuşa döwlet sazly-drama teatrynyň spektaklyny Aşgabatda şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşadan soň tomaşaçylaryň köpüsi azerbaýjanly sungat işgärlerini türkmen sahnasyndaky üstünlikleri bilen gutlamak üçin sahna çykdylar.